Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň ilçisi Aşgabatda geçirilen resmi kabul edişliginde türkmen dilinde çykyş etdi

00:1822.02.2025
0
21404

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen resmi kabul edişliginde türkmen dilinde çykyş etdi — diýip, «Türkmenportalyň» ýörite habarçysy habar berýär.

Bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, işewürleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda ilçi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady. «Men ýene-de bir gezek soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirmek isleýärin» - diýip, Sasaki Hirosi aýtdy.

Diplomat şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda Osakada geçiriljek Bütindünýä serginiň açylyşy bilen baglanyşykly Ýaponiýa amala aşyrjak sapary barada maglumat berdi. «Men onuň Prezident hökmünde ilkinji saparynyň iki ýurda hem peýdaly bolmagy üçin elimden gelen ähli tagallalarymy ederin» - diýip, ilçi ynandyrdy.

Baýramçylyk maksatnamasy türkmen we ýapon döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny bilen dowam etdi, bu dostlukly ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşygyň berk binýadynyň bardygyna şaýatlyk etdi.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 23-nji fewralda doglan gününi belläp geçýär – şol gün imperator 65 ýaşaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň