Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL-iň 1/8 finalyna bije çekildi: «Real» «Atletiko» bilen, «PSŽ» bolsa «Liwerpul» bilen oýnar

16:5821.02.2025
0
21020

21-nji fewralda Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna bije çekildi. Bije çekmek dabarasy Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi.

Bijäniň netijeleri boýunça aşakdaky jübütler emele geldi:

«Brýugge» — «Aston Willa»
«Borussiýa» Dortmund — «Lill»
«Real» — «Atletiko» (Madrid derbisi)
«Bawariýa» — «Baýer»
PSW — «Arsenal»
«Feýenord» — «Inter»
«PSŽ» — «Liwerpul»
«Benfika» — «Barselona»
1/8 final tapgyrynyň oýunlary 4-5-nji hem-de 11-12-nji mart günleri oýnalar.

Mundan başga-da, ýaryşyň çärýek we ýarym final tapgyryna hem bije çekildi. Oňa laýyklykda çärýek finalda aşakdaky jübütleriň ýeňijileri duşuşarlar:

1-nji çärýek final jübüti: «PSŽ» ýa-da «Liwerpul» «Brýugge» — «Aston Willa» jübütiniň ýeňijisi bilen.
2-nji çärýek final jübüti: PSW ýa-da «Arsenal» «Real» — «Atletiko» jübütiniň ýeňijisi bilen
3-nji çärýek final jübüti: «Benfika» ýa-da «Barselona» «Borussiýa» Dortmund — «Lill» jübütiniň ýeňijisi bilen
4-nji çärýek final jübüti: «Bawariýa» ýa-da «Baýer» «Feýenord» — «Inter» jübütiniň ýeňijisi bilen

Ýarym finalda 1-nji çärýek final jübütiniň ýeňijisi 2-nji çärýek final jübütiniň ýeňijisi bilen, 3-nji çärýek final jübütiniň ýeňijisi bolsa 4-nji çärýek final jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň