«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylara Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 howa gatnawynyň amala aşyrylýandygyny habar berýär.
«Turkish Airlines-yň» ýolagçylary uçuş mahalynda ýokary derejeli rahatlykdan lezzet alyp bilerler. Ýolagçylar uçarda dynç alyp, filmleri görüp ýa-da aýdymlary diňläp bilerler. Awiakompaniýanyň mylakatly işgärleri uçuşyňyzy ýatdan çykmaz ýaly gyzykly pursatlara beslemek üçin elinden gelenini ederler.
2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli bu gatnaw ugrunda şu hili nyrhlar hödürlenilýär: ekonom-klass derejäniň awiapetekleriniň bahasy 499 ABŞ dollaryndan (Aşgabat — Stambul — Aşgabat) hem-de 718 ABŞ dollaryndan (Stambul — Aşgabat — Stambul) başlanýar.
Diňe bir tarapyna uçuşy meýilleşdirýän ýolagçylar üçin awiapetekleriň bahasy Aşgabatdan Stambula 302 ABŞ dollaryndan, Stambuldan Aşgabat şäherine bolsa 388 ABŞ dollaryndan başlanýar. Uçuşyň biznes-klass derejesinde awiapetekler iki ugur boýunça hem 1250 ABŞ dollaryndan başlanýar.
Aşgabatdaky satuw ofisiniň salgylary:
- ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- e-mail: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
- web saýty: turkishairlines.com.