Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Musaskaýa Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda geçen duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

17:3713.02.2025
0
21810

Türkmenistanyň ýygyndysynyň we Litwanyň «Žalgiris» klubynyň ýarym goragçysy Maýa Musaskaýa Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň 3-nji tapgyrynda ýurdumyzyň ýygyndysynyň Täjigistan bilen geçiren duşuşygynda (1:0) iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.

Duşenbede geçirilen oýun Kamil Mingazowyň komandasynyn ýeňşi bilen tamamlandy. Musaskaýa ýeke-täk goluň awtory boldy.

Üçünji oýun gününiň netijelerine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy 4 utuk toplamagy başardy we CAFA-nyň ýaryş tertibinde ikinji orna çykdy. 14-nji fewralda geçiriljek 4-nji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň