Ýewropanyň çempionlar ligasynda pleý-off tapgyrynyň deslapky oýunlary geçirildi.
Tapgyryň merkezi oýnunda «Mançester Siti» öz öýünde «Realy» kabul etdi. Duşuşyk 2:3 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.
«Mançester Sitiniň» düzüminde Erling Holand dubl etdi (19, 80 penalti). «Realyň» gollary bolsa Kilian Mbappeniň (60), Braim Diasyň (86) hem-de Jud Bellingemiň (90+2) adyna ýazyldy.
Bu iki toparyň arasyndaky jogap oýny Madridde geçiriler. Duşuşyk 19-njy fewraldan 20-nji fewrala geçilýän gijede Aşgabat wagty bilen sagat 1:00-da başlanar.
Şeýle-de ÝÇL-iň pleý-off tapgyrynyň çäginde düýnki geçirilen oýunlarda PSŽ myhmançylykda «Bresti» 3:0, «Borussiýa» (Dortmund) myhmançylykda «Sportingi» 3:0, «Ýuwentus» bolsa öz öýünde «PSW» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Bu gün ÝÇL-iň pleý-off tapgyrynyň şu aşakdaky dört jübütinde deslapky oýunlar geçiriler:
«Brýugge» — «Atalanta»;
«Seltik» — Bawariýa»;
«Feýenord» — «Milan»;
«Monako» — «Benfika».