Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýylyň ýazynda syýahatyňyzy «Turkish Airlines» bilen meýilleşdiriň

11:4411.02.2025
0
24410

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy «Turkish Airlines» 2025-nji ýylyň ýaz möwsümi üçin Aşgabatdan awiabiletleri bronlamagyň mümkindigini ýatladýar. Ýolagçylar häzirden ýazky syýahatlaryny meýilleşdirip, «Turkish Airlines-iň» Aşgabatda ýerleşýän satuw ofisinde biletleri satyn alyp bilerler.

Ýaz pasly – tebigatyň janlanyp, dynç almak we açyşlar üçin köp sanly mümkinçilikleriň döreýän döwri. Bu pasyl syýahat üçin ýylyň iň ajaýyp wagtydyr. «Turkish Airlines» bütin dünýä boýunça dürli ugurlary hödürlemek bilen, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny ýazky syýahatlary üçin amatly uçuşlardan we elýeterli nyrhlardan peýdalanmaga çagyrýar.

«Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisinde müşderiler uçuş amala aşyrylýan ugurlar, gatnawlaryň tertibi, nyrhlar we ýörite teklipler barada doly maglumat alyp bilerler. Ýokary hünär derejeli işgärler her bir ýolagçynyň isleglerini we maksatlaryny göz öňünde tutup, iň amatly ugry saýlamaga kömek ederler.

Ýazky ajaýyp syýahatyňyzy häzirden meýilleşdirmek mümkinçiligini elden gidirmäň!

Goşmaça maglumat almak we biletleri bronlamak üçin «Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz:

  • salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň