Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi açylar

14:2409.02.2025
0
27109

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2700 orunlyk ýokary okuw mekdebiniň 2025-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.

Täze bilim ojagy ýurtda telekeçilik we işewürlik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ýöriteleşen ilkinji ýokary okuw mekdebi bolar. Ol alty fakulteti, şeýle hem kitaphanany, mejlisler zalyny, naharhanany, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýyny we sport meýdançalaryny öz içine alýan döwrebap binalardan ybarat bolar. Täze ýokary okuw mekdebi Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji jaýynda ýerleşer.

Bu ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy häzirki wagtda “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” çäginde amala aşyrylýar. Şu wagta çenli ýurtda telekeçileri taýýarlamak işi diňe biznes mekdepleriniň derejesinde geçirildi.

Täze ýokary okuw mekdebi ýurduň innowasion, ykdysady ösüşi üçin zerur bolan hünärmenleri yzygiderli taýýarlamaga niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň