Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnawlaryň nyrhlaryny täzeledi

12:1807.02.2025
0
87252

Türkiýäniň «Turkish Airlines» milli awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça ýörite nyrhnama teklibini yglan etdi. Bu aksiýanyň çäklerinde birtaraplaýyn uçuşyň bahasy 331 ABŞ dollaryndan başlanýar, Stambul — Aşgabat — Stambul gatnaw ugrunyň petekleriniň bahasy bolsa 598 ABŞ dollaryndan başlanýar.

Bu ýörite teklip 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli petek sargyt edilen ýagdaýynda hereket edýär. Şeýle hem bu teklibe laýyklykda, syýahatçylar öz uçuşlaryny 24-nji marta çenli meýilleşdirip bilerler.

Awiapetek satyn almak we goşmaça maglumat almak üçin «Turkish Airlines-yň» Aşgabatdaky ofisine ýüz tutuň:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçtasy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň