Türkiýäniň «Turkish Airlines» milli awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça ýörite nyrhnama teklibini yglan etdi. Bu aksiýanyň çäklerinde birtaraplaýyn uçuşyň bahasy 331 ABŞ dollaryndan başlanýar, Stambul — Aşgabat — Stambul gatnaw ugrunyň petekleriniň bahasy bolsa 598 ABŞ dollaryndan başlanýar.
Bu ýörite teklip 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli petek sargyt edilen ýagdaýynda hereket edýär. Şeýle hem bu teklibe laýyklykda, syýahatçylar öz uçuşlaryny 24-nji marta çenli meýilleşdirip bilerler.
Awiapetek satyn almak we goşmaça maglumat almak üçin «Turkish Airlines-yň» Aşgabatdaky ofisine ýüz tutuň:
- ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- elektron poçtasy: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
- web saýty: turkishairlines.com.