Hytaýyň Harbin şäherinde 7-14-nji fewral aralygynda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistan birden iki sport görnüşi boýunça ilkinji gezek çykyş eder. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, şeýle derejeli ýaryşlarda şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça türkmen türgenleri ýurduň taryhynda ilkinji gezek çykyş ederler.
Bellenilişi ýaly, 37 adamdan (25 türgen) ybarat türkmen wekiliýeti şenbe güni Pekin şäherinden üstaşyr geçip ýaryşlaryň geçirilýän ýerine bardy. Şort-trek (gysga aralyga buzda typmak) sportunda ýurduň abraýyny 2015-nji ýylda Phýonçhanda geçirilen halkara ýaşlar ýaryşynyň altyn medalyna mynasyp bolan Pena Ataýew gorar. Zenanlaryň arasynda ýekeleýin figuralaýyn typmak boýunça ýaryşda Türkmenistanyň iki gezek çempiony Larisa Wahitowa we 2019-njy ýylda Ýužno-Sahalinsk şäherinde ilkinji gyşky halkara «Aziýanyň çagalary» sport oýunlaryna gatnaşan Aýna Ekaýewa çykyş ederler.
Täze sport görnüşlerinden daşary, Türkmenistan Ylýas Weliýewiň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndysy bilen hokkeý ýaryşyna gatnaşar, biziň ýygyndymyz «С» toparçasynda Gonkongyň, Hindistanyň we Makaonyň ýygyndylarynyň garşysyna çykyş eder. Türkmen hokkeýçileri ilkinji duşuşygy 5-nji fewralda Makaonyň ýygyndysyna garşy geçirerler.
Harbindäki geljekki Oýunlar gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord derejä ýeter – 11 sport görnüşi boýunça 64 medal toplumy ugrunda geçiriljek bu ýaryşlara 34 ýurtdan 1275 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.