«Turkish Airlines» Bütindünýä söýgüliler güni mynasybetli yglan edýän aksiýasy barada ýatladýar! Awiakompaniýanyň hödürleýän ýörite niýetlenen amatly bahasyndan — iki adam üçin 796 ABŞ dollaryna söwer ýaryňyz bilen Stambulyň jadyly dünýäsini açyň.
Bu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine baryp bilýärsiňiz. Stambul sizi gadymy taryhyň atmosferasyna aralaşmaga, baý medeniýetinden we ajaýyp türk aşhanasynyň tagamlaryndan lezzet almaga çagyrýar.
Aksiýanyň şertleri:
Bahasy: iki sany awiapetek üçin 796 dollar
Gatnaw ugry: Aşgabat — Stambul — Aşgabat
Sargyt etmegiň möhleti: 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan — 17-nji fewralyna çenli
Syýahat döwri: 2025-nji ýylyň 3-nji fewralyndan — 17-nji martyna çenli
Bu teklip 12 ýaşdan uly ýolagçylara degişlidir.
Nädip bron etmeli:
Awiapetekleri we giňişleýin maglumatlary «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisinden alyp bilersiňiz:
- ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
- web saýty: turkishairlines.com.
Türkiýäniň ýüreginde özüňize we söwer ýaryňyza ýatdan çykmajak pursatlary sowgat ediň!