«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryny täze mümkinçilikleri we hyzmatlary bilen begendirmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda bu gatnadyjynyň gatnaw ugurlar ulgamy 131 ýurdy öz içine alýar we munuň özi ony dünýäniň iň uly awiakompaniýalarynyň birine öwürýär.
Hyzmatlaryň has-da gowulaşdyrylmagynyň hatarynda Stambul howa menzilinde «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ähli ýolagçylaryna mugt çäklendirilmedik internetiň elýeterli bolandygyny bellemek gerek. Şeýle hem awiakompaniýa syýahatçylara mil toplamaga we olary tölegsiz uçuşlar hem-de ýokary derejeli hyzmatlar ýaly dürli artykmaçlyklar bilen çalyşmaga mümkinçilik berýän «Miles & Smiles» loýallyk programmasyny ösdürmegi hem dowam etdirýär.
Ähli mümkinçilikler barada bilmek we syýahatyňyz üçin iň amatly ugry saýlap almak üçin awiakompaniýanyň turkishairlines.com resmi web saýtyna girip bilersiňiz.
«Turkish Airlines-yň» Aşgabatdaky satuw ofisiniň salgylary:
- ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- e-mail: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33.