Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

18:5209.01.2025
0
23512

Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine bu ugurda dürli ýurtlar bilen üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan we öz mümkinçiliklerini işjeň tanyşdyrýan halkara maslahatlary-da şaýatlyk edýär. Bu barada TDH-nyň teswirinde habar berilýär.

Şu babatda geçen ýylyň 27-nji martynda guralan «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň aýawly saklanylýan milli mirasy, köp sanly arheologik ýadygärlikleri, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalary ýurduň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orun eýelemegine, bu ugurdaky derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 26-njy aprelde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem möhüm ähmiýete eýedir.

Maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan gadymy Amul galasyna dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlikde giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň