Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýanwarda 3 müňe golaý türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi

12:1208.02.2025
0
26643

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Azerbaýjana 3 müňe golaý türkmenistanly syýahat etdi. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine salgylanyp, «Report» habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe Azerbaýjana 2,8 müň türkmenistanly jahankeşde barypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ýurda syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 11-nji basgançakdan ýer alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ilkinji aýynda Azerbaýjana 172,6 müň sany daşary ýurtly jahankeşde syýahat edipdir. Ýurda iň köp syýahatçylar Russiýadan (41,4 müň), Türkiýeden (31,6 müň) hem-de Hindistan (17 müň) gelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň