Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdeniň çäklerinde gyşlaýan guşlar hasaba alyndy

23:4103.02.2025
0
14220
Bäherdeniň çäklerinde gyşlaýan guşlar hasaba alyndy
Surat: mineco.gov.tm

31-nji ýanwar — 1-nji fewral aralygynda «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäklerinde ýerleşýän köllerde, suw-batgalyk ýerlerde, suw howdanlaryň hem-de zeýakabalaryň ugurlarynda ylmy gözegçilikleri geçirdiler.

Toparyň düzümine goraghananyň uly ylmy işgäri T.Täşliýew, gorag bölümiň ikinji derejeli gözegçisi N.Ataýew, sürüji A.Hommadow, şeýle hem «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» žurnalynyň suratçysy I.Lomow gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň habar berşi ýaly, barlag topary Arçman şäherçesiniň demirgazygynda ýerleşýän suw batgalyk ýerlerde, köllerde gözegçilik alyp bardylar.

«Bozoganly» we «Ýylma» diýilýän ýerlerdäki köllerde dürli guşlar surata düşüridi. Gözegçiligiň dowamynda topara Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Gyzylbaş garamtyl ördek (Aythya ferina), Almabaş ördek (Netta rufina), Sakarbarak (Fulica atra), Sykylykçy jünekeý ördek (Anas crecca), Tamdyra ördek (Anas clypeata), Ýaşylbaş (Anas platyrhynchos) Garaboýun tersaýak (Podiseps nigricollis), Alagaz (Tadorna tadorna) we başga görnüşler gabat geldi.

«Ýylma» boýunça geçiren gözegçilikde bolsa sakarabalagyň uly sürüsi anyklandy, şeýle hem meýdan gulatysy we göwenegi, ak hokgary, gara jokjokyny, ekinçi gargany, depe syçançy ýaly guşlar hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň