18-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat - Jidda (Saud Arabystany) - Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşy girizmegi meýilleşdirýär. Awiakompaniýanyň habarynda bu uçuş diňe şu senede amala aşyrylar diýlip aýdylýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça hepdede iki gezek yzygiderli gatnawy – hepdäniň çarşenbe we anna günleri amala aşyrýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ähli halkara we içerki uçar gatnawlaryna biletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaý, Abu Dabi, Jidda, Deli, Pekin, Bangkok, Ho Şi Min, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan we Stambul ýaly şäherlere uçuşlary hödürleýär.