Wagtyň geçmegi bilen ykjam telefonlar biziň ýakyn ýoldaşymyza, dostumyza öwrülip barýar. Muňa has-da “akylly” ykjam telefonlaryň çykyp başlamagy netijesinde göz ýetirmek boldy. Eýsem, telefonlary elden satyn alanyňyzda nähili faktorlara üns bermeli?
1. Satyjynyň profilini barlaň
Eger telefony internetden satyn alýan boslaňyz, satyjynyň profilini barlaň. Adatça web saýt we ykjam programma üpjünçiliklerinde her satyjynyň profili bolýar. Profile girip, satyjynyň satan we satýan harytlary barada maglumat alyp bolýar. Eger hakykatdanam abraýly, meşhur satyjy bolsa onda biraz rahatlanyp bolar.
2 Bahasy barada oýlanyp görüň
Elden satyn aljak bolýan telefonyňyz hakykatdan hem şol baha degýärmi? Oýlanyp görüň. Ilki bilen, şol telefonyň täze görnüşiniň bahasyny anyklaň, soňra bolsa ulanylan möhleti, ýagdaýy, kepilligi ýaly faktorlary esasynda almakçy bolýan telefonyňyzyň bahasyny çykaryň. 1 gün ulanylan bolsa-da – ol eýýäm ulanylan bolýar, şol sebäpden baha telefonyň täzesinden azda-kände tapawut etmeli.
3. Satyn almakaňyz telefonyň diagnostikasyny geçiriň
Aýdalyň, telefony haladyňyz, bahasy hem size görä amatly. Ony almakaňyz hökmany suratda diagnostikasyny geçiriň. Diagnostikany ýörite şol ugurda bilermenler bilen etseňiz dogry bolar. Bu işi özüňiz hem ýerine ýetirip bilersiňiz. Onuň üçin telefonda girizilýän ýörite buýruk ýumuşlary bolýar: sensoryň işleýşi, reňkiniň sazlamalary we ş.m. Mundan başga-da, batareýiniň işleýşi, sim kart we çipleri okaýşy, ekrandaky çyzyklar ýaly faktorlary hem barlaň.
4. Häsiýetnamalaryny deňeşdiriň
Telefony satyn almakaňyz onuň häsiýetnamasyny öwreniň. Elden aljak bolýanyňyz hakykymy ýa-da ýasama görnüşimi? Kä telefonlar edil hakykysy ýaly çykarylyp, käbir häsiýetnamasynda tapawutlanýarlar. Şu nukdaýnazardan, hakykysynyň häsiýetnamasyny öwrenip deňeşdiriň. Internetde iki we birnäçe telefonlary jikme-jik deňeşdirýän ýörite web saýtlar bar.
5. Öňünden pul tölegini etmäň
Kä halatlarda öňünden pul tölegiň talap edilýän ýagdaýlara gabat gelmek bolýar. Şular ýaly ýagdaýlarda ýalňyşmaň! Eger öňünden töleg etseňiz, telefonsyz galyp bilersiňiz, hat-da satyjyny hem tapmazlyk ýagdaýy döräp biler. Telefony almakçy bolsaňyz, şol bada we birbada doly hasaplaşyň.
6. IMEI koduny barlaň we gutusyny hökman talap ediň
Ähli telefonlaryň ýeke-täk, biri-birine meňzeş bolmaýan IMEI kody, ýagny serial belgisi bolýar. Bu kod telefonda we onuň gutusynda ýazylýar. Telefondaky IMEI kody hökmany suratda gutusyndaky IMEI kod bilen meňzeş bolmalydyr. Eger telefony gutusy bilen alsaňyz we IMEI kodlary özüniňki bolsa, satyja ynanyp bolar we telefonyň anyklygyna göz ýetirmek bolar. Telefonlarda IMEI kody görmek üçin *#06# basmaly.
7. Işjeň däl telefonlary satyn almaň
Işjeň däl telefonlary satyn almazlyk maslahat berilýär. Ilki bilen, olary bejerdip bolýanlygy anyk däl, ikinji bilen, eger bejerdip bolýan bolsa çykdajynyň nähili boljakdygy belli däl, belki bu size täzesinden hem gymmat düşüp biler. Işjeň däl telefonlary köplenç telefon ussalary ätiýaçlyk şaýlar üçin satyn alýarlar.
Biz bilen habarlaşmak üçin info@turkmenportal.com elektron salgymyza hatlaryňyzy ýollap bilersiňiz.