Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Göwrümli görmegiň syry: biz zatlary nädip 3 ölçegde görýäris?

0
35908

Iki ölçegli suratdan adam nädip obýektlere çenli aralygy, olaryň görnüşini we ululygyny görüp, olardan üç ölçegli şekili döredip, şeýlelik bilenem üç ölçegli dünýäni doly duýup bilýär?

Gözlerimiziň iki ölçegli suraty (kamera ýaly) görýändigine garamazdan, obýektleriň üç ölçeglidigi bilen bagly maglumatlary döredip bilýäris. Bu birnäçe täsire esaslanýan stereoskopiki (üç ölçegli) görüşiň netijesinde ýüze çykýar:

Dürbi hili görüş

Her gözüň setçatkasynda şol bir üç ölçegli sahnanyň iki ölçegli şekili emele gelýär. Durmuş tejribesi we ýokary derejede hasaplaýyş ukyplarynyň netijesinde beýni bu iki dürli üýtgeşik suraty deňeşdirip, suratyň üç ölçegli esasyny döredýär.

Bu täsir, gözleriň arasyndaky aralyk bilen deňeşdirip boljak derejedäki ýakyn obýektleri göreniňde has-da aýdyň görünýär. Uzakdaky (5 metrden gowrak) jisimlere üns gönükdirilende bolsa dürbi hili görüşiň täsiri ýitýär diýen ýalydyr.

Dürbi hili görüşiň 3D duýgusyny üpjün edýän ýeke-täk faktor däldigini we onuň täsiriniň diňe bary-ýogy birnäçe metr aralykda çäklenýändigini bellemelidiris.

Seredýän adam hereket edende obýektler gatyşýar

Syn edýän adam hereket edende onuň töweregindäki şekil yzygiderli üýtgeýär. Şol bir wagtyň özünde, ýakynda ýerleşýän obýektler bu suratdaky ornuny uzakdakylara garanyňda has çalt üýtgedýärler, olar ýuwaş-ýuwaşdan “gözüň meýdanynda” ýüzýärler.

Gürrüňi edilen durmuş tejribesi, beýniniň hasaplaýyş mümkinçilikleri seredilýän ýerdäki obýektleriň hereket tizligine baglylykda, öz aralygyny gowy bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Aslynda, gözleriň arasy ýaly golaý ýerleşen bir gözüň ornuny dürbi hili görüş tutup biler. Beýni netijede iki göz bilen görlendäki ýaly iki suraty deňeşdirip biler. Şeýle-de bolsa, bu usul köp zähmeti we hemişelik hereket etmegi talap edýär. Mundan başga-da, suratlar şol bir wagtda bolmaýandygy üçin, bu olaryň arasyndaky tapawutlara sebäp bolup biler.

Şol sebäpden hem dürbi hili görmek, esasan, ýakyn zatlar bilen işlemekde, ýagny, adamyň gündelik edýän işinde örän peýdaly bolup durýar.

Foto: bigpicture.ru

Durmuş tejribesi

Adamlaryň aglabasy özlerine tanyş bolan zatlaryň göwrümine gowy düşünýärler: agaçlar, adamlar, awtoulaglar, penjireler, gapylar we ş.m. Bu bilimler haýsy meýdanyň haýsy bölegine degişlidigine baglylykda, bu obýektleriň birine çenli (we şonuň üçin ýakyn ýerlerde ýerleşýänlere) aralygy gowy çaklamaga mümkinçilik berýär.

Foto: ru.freepik.com

Uzakda ýerleşýän zatlaryň dumanlap görünmegi

Atmosfera, adatça, reňksiz bolsa-da, oňa çürt kesik reňksiz diýip bolmaz. Bu gaty uzakdaky zatlaryň dumanlap görünmegine getirýär.

Dumanlap görünmeginiň derejesi uzakdaky zatlaryň haýsysynyň has uzakdadygyny we haýsy biriniň syn edýän adama has ýakyndygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu gaty peýdaly täsir, sebäbi uzakdaky zatlar üçin 3D şekili gurmagyň beýleki usullary beýle täsirli däldir.

Perspektiwa, kölegeler we yşyklandyryş

Uly durmuş tejribesine esaslanýan beýni zatlaryň göwrümini kölegeleriň konfigurasiýasyna we onuň bölekleriniň yşyklandyryş derejesine görä gowy kabul edýär.

Perspektiwa. Bu giňişlikde iki sany parallel çyzygyň synçydan daşlaşyp barýarka şekiliň haýsydyr bir nokadyna öwrülmeginiň täsiridir. Beýni bu täsir sebäpli alnan maglumatlary örän gowy kabul edýär.

Gözüň belli bir aralyga üns jemlemek ukyby

Göz edil islendik bir optiki gural ýaly dürli aralyklarda ýerleşen suraty deň derejede görüp bilmeýär. Diňe belli bir aralyga ünsi jemläp, şol aralykdaky zatlary has düşnükli görüp biler. Şol bir wagtyň özünde, has ýakyn we has uzak aralykda ýerleşen zatlar birneme bulaşyk görünýär.

Beýnimizde häzirki wagtda gözüň haýsy tarapa gönükdirilýändigi barada maglumatlar bolýar. Gözümizi dürli aralyklara gönükdirip, onuň çuňlugyny doly suratlandyrmak bilen, boşlugy edil “skanirleýän” ýaly gözden geçirýäris.

Golaýda ýerleşen obýektler uzakdakylary ýapýar

Ýönekeý ýaly görünýän bu täsir 3D şekil döretmekde uly hyzmata eýedir. Galyberse-de, bir obýekt bölekleýin beýleki bir obýekt bilen örtülen bolsa, bu onuň ýapyp duran obýektden uzakdadygyny aňladýar.

3D kino we 3D kabul edişiň effektleri

Ýokarda sanalyp geçilen effektleriň dürbi hili görüşden galany filmlerde ulanylýar. 3D kino ýörite tehnologiýalaryň üsti bilen dürbi hili görüş effektini hem iş prosesine goşýar.

3D filmlere tomaşa edilende dakylýan äýnekde her göz üçin birneme üýtgeşik şekiller döreýär.

Ýöne munuň suratda düýpli gowulaşma getirmeýändigini bellemelidiris. Öň hem bellenip geçilişi ýaly, islendik filmde bar bolan beýleki alty effekti ulanyp, adam şekiliň ähli çuňlugyny hilini ýitirmezden öz ukyplary bilen görüp bilýär.

Peýdalanylan çeşme: educon.by

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar