Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birinji Hazar ykdysady forumy barada biläýmeli zatlarymyz / Aýgül Rahymowa

0
4050

Türkmenlerde «Agzybire taňry biýr...» diýen aýtgy bar. Gazaklarda bolsa «Ylalaşyk we agzybirlik — bagt hem baýlyk» diýilýär. «Dostluk-doganlyk islendik baýlykdan gymmatdyr» diýýär ruslar. Azerbaýjanlarda «Ýakyn goňşy uzak gardaşdan gowudyr» diýen düşünje ýörgünli. «Oňat dostlar birek-biregiň söýesidir» diýen nakyl bolsa eýran halkyna mahsus... Bu nakyllardyr atalar sözleri bäş halkyň dilinden alnan. Emma olaryň manysyna üns berip görsek welin, bir umumylygyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Eýse näme, bu «bäşlik» indi asyrlarboýy bir deňziň kenaryny jähekläp, bir bitewi sebiti, bölünmez birligi emele getirýär ahyryn! Aslynda, hut şol «bäşlik» dälmi, Hazaryň ýurtlaryň bölünýän däl-de, birleşýän ýeridigini bütin äleme äşgär edýän?! 12-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda ilkinji gezek geçiriljek Hazar ykdysady forumy hem Hazaryň bitewülik, jebislik we dostluk deňzidigini nobatdaky gezek Ýer ýüzüne aýan etjek möhüm waka bolar diýip ynamly aýtmak bolar.

Ha­zar ykdysady forumy ilkinji gezek geçirilýär. Onda-da milli Liderimiziň başlangyjy boýunça. Iň guwandyrýan ýeri bolsa, Hazar meselesi boýunça «ilkinjileriň» aglabasynyň Türkmenistana degişlidigi. «Köp gaýtalanyň bilen taryhyň ähmiýeti gaçmaýar» diýilýär. Esasy gürrüňimize geçmezden ozal, geliň, şol «ilkinjileri» ýatlap geçeliň. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda emele gelen täze geosyýasy şertler Hazar deňziniň hukuk esaslaryny kesgitlemek ýaly möhüm wezipäni orta çykardy. Şoňa görä-de, 1996-njy ýylyň 11 — 12 noýabrynda Aşgabatda, hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Şol duşuşykda Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça möhüm gural — daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýörite iş topary döredildi. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa kabul edilýänçä, ýörite iş toparynyň mejlisleriniň 51-si geçirildi. Munuň özi Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn, jikme-jik öwrenilendigini alamatlandyrýan görkezijileriň biri boldy. Hazar deňziniň meselelerini has içgin ara alyp maslahatlaşmak üçin Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini geçirmek hakyndaky başlangyç hem hut türkmen tarapyna degişlidir. Şoňa görä-de, şeýle ýokary derejeli duşuşygyň ilkinjisi 2002-nji ýylyň 23 — 24-nji aprelinde Aşgabatda geçirildi. Sammitiň barşynda «Hazar bäşliginiň» bu ugurdaky anyk garaýyşlary beýan edildi. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň işlenip taýýarlanmagynyň möhümdigi bellenildi. «Hazar bäşliginiň» Baştutanlarynyň başyny bir ýere jemlän Aşgabat sammiti bu ugurdaky geljekde amala aşyrylmaly işlere badalga beren başlangyç nokat boldy. Hazaryň hukuk derejesi kesgitlenilýänçä, 22 ýylyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, möhüm resminamalaryň hem köpüsiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilendigini aýratyn nygtamak gerek. Hazar ykdysady forumyny hemişelik esasda geçirmek hakyndaky möhüm başlangyç hem hut hormatly Prezidentimize degişlidir. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Astrahan sammitinde ilkinji gezek öňe sürlen bu başlangyç, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Aktau sammitinde biragyzdan goldanyldy. Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek hakyndaky başlangyç türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi, Bitarap Türkmenistana bildirilen ýokary ynamyň belent ykrary bolup dünýä doldy.

* * *

Hazar ykdysady forumy diýlende, ilkinji nobatda, ykdysadyýet, Hazarýaka ykdysady hyzmatdaşlygy göz öňüňe gelýär. Emma forumda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleri diňe bir ykdysady çygra ýerleşdirmek ýeterlik däldir. Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, ulag, söwda, energetika, senagat ýaly möhüm ugurlar bilen birlikde, Hazarda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri, syýahatçylyk, «ýaşyl ykdysadyýet», Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça hem dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji awgustda — Hazaryň gününde geçiriljek halkara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli maslahata hut hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Halkara maslahatda daşary ýurtly ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryna-da garaşylýar. Munuň özi Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyga ýurtlaryň aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda olaryň tagallalary birleşdirmäge hemişe taýýardygyny alamatlandyrýar. Bir zada ünsi çekmek zerur. Forumda işewürleriň arasyndada duşuşyklar geçiriler, ylalaşyklar baglaşylar. Bu möhüm çärä diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, dünýäniň çar künjünden myhmanlaryň gatnaşjakdygyny göz öňünde tutsak, onda forumyň işewürlerdir telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri açjakdygy hem ikuçsuzdyr. Elbetde, işewürleriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň netijesi, ilki bilen, gazanylan ylalaşyklarda, ýola goýlan ikitaraplaýyn göni gatnaşyklarda şöhlelenýär. Meselem, şu ýylyň iýunynda Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda geçirilen Peterburg ykdysady forumynda 650 töweregi ylalaşyk baglaşylypdyr. Olaryň umumy bahasy millionlarça dollara barabar bolupdyr. Birinji Hazar ykdysady forumy babatda-da şeýle netijä gelmek bolar. Çünki forumyň çäklerinde kompaniýalardyr işewürler üçin täze gözýetimleri açjak möhüm çäreleriň ikisi — Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtomobil sergisi geçiriler.

* * *

Ýokarda ady agzalan sergiler birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda guralar. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu sergiler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ösüşleri dünýä ýaýmaga, halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, bu ugurda iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary öwrenmäge hemde durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň sergi pawilýonlarynda import we eksport harytlary görkeziler, olary daşary ýurt bazarlaryna çykarmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde Hazarýaka ýurtlaryň milli sergi pawilýonlary bilen birlikde, dünýäniň birnäçe döwletleriniň iri kompaniýalarynyňdyr hususy pudaklarynyň gazananlary görkeziler. Olaryň hatarynda Türkiýäniň, Belarusuň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Gollandiýanyň, Hytaýyň, Finlýandiýanyň, Özbegistanyň önüm öndürijileri bar. Bu sergä gatnaşmak, öz önümlerini hödürlemek isleýänleriň sanynyň gün-günden artýandygy aýratyn bellärliklidir. Forumyň çäklerinde ilkinji gezek guraljak «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergisi dünýäniň maşyngurluşygy ulgamynda ýetilen sepgitler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döreder. «Türkmen sährasy — 2019- yň» ekspozisiýasynda ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglarynyň hem-de olary bejermek üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologiýalarynyň täze harytlary görkeziler. Serginiň esasy maksady, Türkmenistana awtomobil gurluşygynyň innowasion tehnologiýa çözgütlerini çekmekden hem-de awtomobil ulaglaryna ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Serginiň pawilýonynda awtomobilleriň 120-sini görkezmäge mümkinçilik bar. Sergi bu ugurda netijeli gepleşikleri geçirmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Sergä gatnaşyjylar üçin guramaçylar tarapyndan ähli ýeňillikleriň döredilendigini hem nygtamak zerurdyr.

* * *

Birinji Hazar ykdysady forumy hem-de onuň çäklerinde geçiriljek sergiler dünýä ýurtlarynda uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň görkezmesi boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan forumy dünýä jemgyýetçiliginde mahabatlandyrmak boýunça işler giň gerimde alnyp baryldy. Ýokary diplomatik tagallalaryň netijesinde, dünýäniň ençeme ýurtlarynda — Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Hytaýda, Azerbaýjanda, Rumyniýada, Türkiýede, Ermenistanda, Gruziýada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Fransiýada, Şweýsariýada, Belgiýada, Saud Arabystanynda... forumyň tanyşdyrylyş çäreleri, «tegelek stollardyr» metbugat maslahatlary guraldy. Munuň özi Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga diňe bir Hazarýaka döwletleri däl, eýsem, tutuş dünýä ýurtlaryny çekmäge giň mümkinçilik berdi. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazar bäşliginiň Aktau sammitinde türkmen Lideri tarapyndan Hazar ykdysady forumyny Türkmenistanda geçirmek hakyndaky öňe sürlen başlangyç habar beriş serişdelerinde bada-bat seslenme tapdy. «ITAR TASS», «РИА Новости», «Reuters», «Trend» media agentlikleriniň habarlarynda, «Mир 24», «Хабар 24» teleýaýlymlarynda, «SNG. Today», «Казинформ», «sputnik.kg», «informburo.kz», «regnum.ru», «Tashkenttimes. uz», «Anadolu Agency»... resmi internet saýtlarynyň sahypalarynda Hazar ykdysady forumynyň Türkmenistanda geçirilýändigi hakyndaky habarlar beýan edildi. Şol günden bäri dünýä ýurtlarynyň media gulluklarynda bu forum bilen baglanyşykly maglumatlar üns merkezinde saklanýar. Foruma dünýä ýurtlarynyň žurnalistleriniň ünsüni çekmek boýunça edilen işleriň hatarynda Aşgabatda geçirilen halkara media forumlara uly orun degişlidir. Çünki şu ýylyň fewral hem-de iýun aýlarynda guralan media forumlar daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekillerini foruma görülýän taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem-de ony teleýaýlymlarda, metbugat neşirlerinde, internet sahypalarynda mahabatlandyrmaga şert döretdi. Birinji Hazar ykdysady forumyny habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, ýurdumyza Hazarýaka döwletlerden, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan žurnalistleriň gelmegine garaşylýar. Daşary ýurtly žurnalistler diňe bir forumy däl-de, onuň geçiriljek ýeri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini-de beýan ederler. Diýmek, forumyň üsti bilen Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenary hem ösen syýahatçylyk we işewürlik merkezi hökmünde nobatdaky gezek dünýä ýaýylar.

* * *

Hawa, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçiriljek Hazar ykdysady forumy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň abraýmertebesini-de belende göterer. Munuň özi Awazada kongres syýahatçylygynyň gerimini giňeltmäge, onuň kenarlarynda dynç almaga gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga oňyn täsir eder. Daşary ýurtly işewürleriň biri: «Hazaryň türkmen kenarynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistan üçin örän bähbitli. Çünki bu ýere iş maksatly gelýänler diňe bir tejribe, pikir alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, saglygyny dikeldip, dynç hem alýar» diýipdi. Diýmek, Hazar deňzi diňe bir tebigy we mineral baýlyklary, uglewodorod serişdeleri bilen däl-de, ekologiýa taýdan arassa kenarlary, jana şypaly suwy bilen hem köpleriň ünsüni çekýär diýip aýdyp bileris. Dünýä boýunça jemi içerki önümiň (JIÖ) 10 göterimden gowragynyň syýahatçylyk pudagyndan gelýändigini göz öňünde tutsak, onda Hazaryň kenarlaryny ösen syýahatçylyk zolagyna öwürmegiň Hazarýaka ýurtlary üçin näderejede bähbitli boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hem hut şu ugur boýunça-da täze gözýetimleri açjak möhüm çäredir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar