Wena büzmeçelerini, meksikan tortilýalaryny hem-de ýaponlaryň miso çorbasyny nämeler baglanyşdyrýar? Çünki bularyň ählisi ÝUNESKO guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna azyk önümleri 2010-njy ýylda goşulyp başlandy. Şondan bäri hem bu sanaw ýüzlerçe dürli tagamlary we aşpezlik däplerini özünde jemledi. Üç ýurduň — Fransiýanyň, Meksikanyň hem-de Ýaponiýanyň milli aşhanasynyň aýratyn tagamlar hökmünde däl-de, umuman medeni miras hökmünde ykrar edilendigi bellärliklidir.
Geliň, bütin dünýä ýüzüne gastronomiki syýahat edip, haýsy aşpezlik däpleriniň Ýer togalagynda iň gymmatly miras hasaplanylýandygyna göz ýetireliň.
2010-njy ýyl
Fransiýa. Ýurduň gastronomiki medeniýeti.
Meksika. Meksikanyň meşhur milli aşhanasy we Miçoakan ştatynda saklanýan meksikan nahar taýýarlamak däpleri.
Horwatiýa. Lisitarlar — adatça baýramçylyk günlerinde ýakynlaryňa sowgat berilýän ýürek şekilli kökeler.
2011-nji ýyl
Türkiýe. Keşkek — bugdaý ýa-da arpa bilen etden ýa-da towukdan taýýarlanylýan dabara tagamy.
2013-nji ýyl
Gruziýa. Kwewri — ýere gömülen ullakan keramiki gaplarda çakyr öndürmegiň gadymy gruzin usuly.
Günorta Koreýa. Kimjang — ysly fermentlenen kelem kimçisini ýasamagyň däp bolan usuly.
Kipr, Horwatiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Italiýa, Marokko we Portugaliýa. Ortaýer deňzi berhiz iýmiti täze gök önümleriň, miweleriň we däneleriň bollugy, saglyga peýdaly zeýtun ýagy bilen giňden tanalýar. Onda balyk we deňiz önümleri hem agdyklyk edýär, süýt önümleri, esasan, peýnir bilen meşhurdyr. Gyzyl et bu berhizde seýrek bolýar.
Türkiýe. Türk kofesiniň medeniýeti we däpleri.
Ýaponiýa. Waşoku — ortaça ýörelgelere esaslanýan uzak ömrüň ýapon dietasy we Ýaponiýada Täze ýylyň belleniliş däpleri.
2014-nji ýyl
Marokko. Argan — arganiýa agajynyň miweleriniň ösümlik ýagy we onuň bilen baglanyşykly aşpezlik däpleri. Argan ýagy dünýäde seýrek duş gelýän ýaglaryň biridir.
Ermenistan. Ermeni lawaşy, onuň taýýarlanylyş däpleri, daşky görnüşi we simwoliki manysy.
2015-nji ýyl
BAE, Saud Arabystany, Oman, Katar. Sahylygyň nyşany hökmünde arap kofesi.
Demirgazyk Koreýa. KHDR-de kimçi taýýarlanylyş däbi.
2016-njy ýyl
Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe. Orta Aziýanyň çörekleri we olary taýýarlamagyň däpleri (lawaş, katyrma, jupka, ýufka).
Täjigistan. Oşi Palaw, Täjigistanyň milli palawy, jemgyýetçilik we medeni taýdan ähmiýeti.
Özbegistan. Özbek palawy, medeniýeti we däp-dessurlary.
Belgiýa. Belgiýanyň piwo we onuň ýasalyş däpleri. Bu ýurt uly bolmasa-da, onda 1500-den gowrak piwo görnüşi bar.
2017-nji ýyl
Italiýa. Italýan pizzasy we neapolitan “pizzaiolo” sungaty (pizza taýýarlaýan aşpezler).
Azerbaýjan. Dolma — azerbaýjan halkynyň medeni aýratynlygynyň, nahar bişirmek däpleriniň we medeniýetiniň nyşany.
Malawi. Nsima we onuň bilen baglanyşykly aşpezlik däpleri. Nsima, topjagaza basylan mekgejöwen unundan ýasalan güýçli bişirilen püre. Topjagaz iýip bolar ýaly çemçe şekiline getirilýär we ol et ýa-da sous bilen doldurylýar.
2020-nji ýyl
Singapur. Şäherde köçe söwdasynyň medeniýeti: bu ýerde köçe bazarlary naharhanalar bilen birleşýär we köçede umumy kompaniýada nahar iýmek däp hasap edilýär.
Malta. Ftira — ter bulkadan, balyk, ýeralma, pomidor, zeýtun goşulyp, şireli taýýarlanylýan adaty Malta sendwiçi.
Alžir, Mawritaniýa, Marokko, Tunis. Kuskus we onuň ulanylmagy bilen taýýarlanylýan naharlar.
2021-nji ýyl
Gaiti. Jumu — kädi, sygyr eti, ýeralma we gök-bakja önümlerinden taýýarlanylan ajy çorba.
2022-nji ýyl
Ukraina. Ukrain borşy, medeniýeti we ony taýýarlamak däpleri.
Iordaniýa. Mansaf — tüwi ýa-da bulgur bilen fermentlenen guradylan ýogurt sousynda goýun etinden taýýar edilýän adaty baýramçylyk tagamy.
Fransiýa. Baget — bişiriliş usuly we medeni däpleri.
Tunis. Harissa — çili burçundan taýýarlanylan goýy sous, onuň bilen taýýar edilýän tagamlar, aşpezlik we jemgyýetçilik däpleri.
Demirgazyk Koreýa. Phenýan nenmýon — az mukdarda sygyr çorbasy, gaýnadylan sygyr etiniň bölekleri we gaýnadylan ýumurtga bilen uzadylýan sowuk greçkaly aş.
Hytaý. Çaý — Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, çaý taýýarlamak däpleri, Hytaý çaý dabarasynyň medeniýeti we däpleri.
2023-nji ýyl
Jibuti. Sidho — gaýyn enesiniň toýdan soň giýewisine berýän adaty tagamydyr. Bu agaç sütüninden ýasalan gaba guýulan ýagda gowrulan düýe eti. Onuň daşyny folga bilen örtýärler we matalar hem keşdeler bilen bezelýär.
BAE, Oman, Saud Arabystany. Harisa — et we sary ýag bilen gaýnadylan dänelerden taýýarlanylan goýy garyndy. Däp bolşy ýaly, ony uly gaplarda saçaga alyp, tutuş maşgala bolup töweregine üýşüp, el bilen iýýärler.
2024-nji ýyl
Günorta Koreýa. Günorta Koreýa souslary — bu gyzyl noýba, çili burçy we beýleki maddalardan taýýarlanylan goýy pastadyr.
Kot d'Iwuar. Açeke, ardylan fermentlenen maniokadan taýýarlanylýan garnir.
Azerbaýjan. Tandyr, adaty küýze şekilli peç we onda bişirilýän önümler.
Kuba, Dominikan Respublikasy, Gaiti, Gonduras, Wenesuela. Maniokadan ýasalýan çörek, önümçiliginiň däpleri we onuň bilen baglanyşykly dessurlar.
Braziliýa. Minas — Braziliýanyň Minas Žeraýs ştatynyň däplerine laýyklykda taýýarlanan ter peýnir. Adatça, süýji guawa marmelady bilen bilelikde uzadylýar.
Awstriýa. Wena büzmeçeleri we olary köçede satyjylaryň medeniýeti.
Tailand. Tom-ýam — deňiz önümlerinden edilýän ajy gyzyl çorba, üýtgeşiklikleri we taýýarlanylyş medeniýeti.
Peýdalanylan çeşme: vfokuse.mail.ru