Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Immuniteti güýçlendirmek we energiýany artdyrmak üçin 3 sany witaminli garyndy

0
1950

Barha ýakynlap gelýän gyş paslyny biliňiz berk guşalgy, saglygyňyz ätiýaçly-kepilli garşylamak isleýärsiňizmi? Onda immunitetiňizi güýçlendirmegiň gamyny iýmegiň wagty gelip ýetdi! Tebigy önümlerden bolan witaminli garyndylary özbaşdak taýýarlamagyňyz üçin üç hili netijeli görnüşi dykgatyňyza ýetirýäris. Bularyň hersiniň özboluşly peýdaly aýratynlyklary bardyr.

Hozlardan we guradylan miwelerden taýýarlanylan «Baýkonur» garyndysy

• 200 gram hoz;
• 100 gram badam;
• 100 gram kedr hozy;
• 100 gram guradylan erik;
• 100 gram garaly;
• 100 gram kişmiş;
• 2 sany limon;
• 150 gram ary baly.

Garyndyny taýýarlamak örän aňsat: ähli goşundylary et üweýji enjamdan geçirip, gowy edip bal bilen garmaly. Garyndyny aýna banka guýup, sowadyjyda saklamak maslahat berilýär. Günde bir çemçe möçberinde bir aýlap ajöze iýmeli, soň iki hepde dynç almaly we zerur bolan halatynda kursy ýene-de gaýtalamak bolar.

«Amosowa» guradylan miwe garyndysy

• 200 gram guradylan erik;
• 200 gram garaly;
• 200 gram injir;
• 200 gram kişmiş;
• 200 gram hoz;
• 200 gram ary baly;
• 2 sany limon;
• 50 ml konýak (islege görä).

Bu garyndy guradylan miweleriň köp görnüşini öz içine alýar we witaminleriň hem-de minerallaryň örän peýdaly çeşmesidir. Munuň hem taýýarlanylyşy birinji garynda meňzeşdir. Bu garyndyny bir çaý çemçesi möçberinde her gün üç wagtyna içmek maslahat berilýär: irden ajöze halda, günortanlyk we agşamlyk naharlaryndan öň.

Immunitet üçin limonly we imbirli garyndy

• 150 gram imbir köki;
• 200 gram ary baly;
• 2 sany limon.

Bu garyndy imbiriň çişmä garşy we antioksidant häsiýetleri esasynda adam bedeniniň immun ulgamyny güýçlendirmekde örän täsirlidir.

Imbir we limony et üweýji enjamdan geçirip, ary baly bilen garmaly. Garyndyny irden we agşam bir çaý çemçesi möçberinde iýmeli, yz ýany suw içmeli. Şeýle hem ony çaýa, kompota,  ýa bolmasa-da kaşa goşup bolýar.

Bu 3 sany garyndynyň ählisi hem immun ulgamyny berkitmäge, metabolizmi gowulaşdyrmaga we bedeniň güýjüni, energiýany dikeltmäge kömek edýän witaminlere, minerallara we antioksidantlara baýdyr.

Islendik bir täze önümi iýip başlamazdan ozal, esasanam, dowamly keseller ýa-da allergiýa bar bolsa, lukman bilen maslahatlaşmalydygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Üns beriň! Bu makala diňe maglumat bermek maksady bilen ýazyldy.

Peýdalanylan çeşme: dzen.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar