Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagany tomusky dynç alşynda okamaga mejbur etmelimi?

0
39485

Gurnaklardan, dürli görnüşli okuwlardan hem-de mugallymlaryň taýýarlaýyş sapaklaryndan ybarat bolan çagalaryň gün tertibi häzirki zaman dünýäsinde hatda tomusky dynç alyş möwsüminde hem olara uzak garaşylan hezilligi bagyş etmeýär ahyryn. Şeýle seredilende, «ýitirilýän» bu wagt hem ene-atanyň jogapkärçiliginiň astynda okuw maksatnamasyndaky doly özleşdirilmedik bilimleri almak we täze bilimleri özleşdirmek üçin özboluşly «ýaryşa» öwrülýär duruberýär.

Emma welin, aslynda çagany tomusda okamaga mejbur etmek hakykatdanam zerurmy? Ýa bolmasa-da, bu döwürde dynç almak bilen bilim öwrenmegiň arasyndaky deňagramlylygy gözlemek zerurmy?

Tomusda okamak aslynda näme üçin gerek?

Okuwçydygyňy ünsden düşürmezlik. Tomusky dynç alyş täze okuw ýylynyň başlamagyna ýaramaz täsir edip, bilimleriň we başarnyklaryň ýatdan çykmagyna sebäp bolup biler. Beýle ýagdaýyň ýüze çykmazlygy üçinem tomus aýlarynda akademiki ýagdaýy saklamak möhümdir.

Bilimleri berkitmek. Tomusky dynç alyş diňe bir dynç almak we güýmenmek üçin berilýän döwür däl-de, eýsem okuw ýylynda alnan bilimleri berkitmek üçinem ajaýyp mümkinçilikdir. Öwrenen maglumatlaryňyzyň gaýtalanmagy we amalyýetde peýdalanylmagy diňe bir ýadyňyzy täzelemäge ýardam etmän, öwrenmek üçin berk binýady üpjün etjek mowzuklara has çuňňur düşünmäge kömek edýär.

Özbaşdak çemeleşme. Çagalaryň hemmesi maglumatlary birmeňzeş öwrenmeýärler. Käbirleri öwrenmek meselesinde goşmaça goldawa mätäç bolýan bolsalar, käbirleri kyn mowzuklara has çuňňur düşünmek babatda kynçylyk çekýärler. Tomusky sapaklar bilimdäki ýetmezçilikleriň üstüni ýetirmek, şahsy goldaw almak we okuwda üstünlik gazanmak üçin zerur bolan endikleri ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Tomusky sapaklaryň zyýany

Dynç almak we bilimleriňi dikeltmek. Tomus — belli bir derejede ýadawlyga getiren okuw ýylyndan soň dynç almagyň we täze okuw ýylyna täze güýç bilen başlamagyň wagtydyr. Çagalar täze okuw ýylyny täze güýç bilen başlamak üçin dynç almaga, kellelerine dynç bermäge mümkinçilik almalydyrlar.

Dürli ugurlar boýunça kämilleşmek. Dynç alyş möwsümi — çagalar üçin okuwdan başga-da möhüm zatlary etmek üçin ajaýyp şertdir. Bu dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen gatnaşyklary has ýygjamlaşdyrmak, sport we döredijilik çärelerine gatnaşmak, syýahat etmek hem-de täze başlangyçlaryň başyna barmak üçin laýyk wagtdyr.

Çaganyň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi akademiki üstünliklerden pesde durýan däldir.

Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk. Tomusky dynç alyş çagalara mekdepden daşarda kadaly däl ýagdaýda biri-birleri bilen aragatnaşyk gurmaga, täze dostlary tapynmaga mümkinçilik berýär. Bu birek-biregi has gowy tanamaga we jemgyýetçilik we bir topara degişlilik duýgusyny ösdürmäge itergi berýär. Tomusda çagalar täze deň-duşlary bilen duşuşyp, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny giňeldip we şuňa meňzeş gyzyklanmalar bilen dostluk açyp bilýärler.

Deň-duşlary bilen aragatnaşygy ösdürmek çagalara duýgudaşlyk, hyzmatdaşlyk, dürli bökdençliklerden baş alyp çykmak hem-de toparlaýyn işlemek ýaly möhüm endikleri ösdürmäge kömek edýär.

Özbaşdak gözleg. Çagalar öwrenmek üçin öz mowzuklaryny saýlap almak meselesinde öwrenmäge has höwesli we hyjuwkly bolýarlar. Tomusda çagalar adaty mekdep okuw meýilnamasyndan daşlaşyp, özlerini hakykatdanam gyzyklandyrýan mowzuklara iterýärler.

Çaganyň tomusky dynç alşyny nädip öndürijilikli we gyzykly edip bolar?

Şahsy çemeleşme

- her bir çaganyň özboluşlylygyny göz öňünde tutuň: zerurlyklary, gyzyklanmalary, öwreniş tizligi.
- deňagramlylygy tapyň: dynç alyş we güýmenje bilen alternatiw akademiki okuwlary gezekleşdiriň.
- bilelikde meýilnama taýýarlamak: çaganyň isleglerini göz öňünde tutup, meýilnama düzüň, onuň hakykatdanam isleýän zatlaryny, maksatlary kesgitläň.

Işleriň köpdürlüligi:

- mekdep derslerindäki temalar bilen çäklenmäň: döredijiligi, sporty we beýleki güýmenjeleri işjeň alyp gitmäge çemeleşiň.
- erkin saýlamak mümkinçiligi: çagaňyza özüni gyzyklandyrýan çäreleri özbaşdak saýlamaga ýol beriň.

Goldaw bermek we hyjuwlandyrmak:

- Üstünliklerini öwüň: Oňyn atmosfera döretmek arkaly çaganyň üstünliklerini hem-de kämilleşýändigini belläň.
- çaganyň ýanynda köpräk boluň: okuwlarynda oňa goldaw beriň, kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam ediň.

Peýdalanylan çeşme: toptutors.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar