Hil gözegçiligi islendik senagat önümçiliginiň möhüm bölegi bolup durýar. Ähli pudaklaryň başlangyç önümiň hilini anyklamak üçin öz usullary we düzüm bölekleri bolup, olardan şu bäş usul esasydyr:
- organoleptiki usul;
- tejribehana usuly;
- bilermenlik usuly;
- ölçeg usuly;
- hasaba alyş usuly;
- sosiologiki usul.
Organoleptiki usul önümiň daşky häsiýetnamalaryna esaslanýar we adam duýgulary bilen amala aşyrylýar. Ýagny, önümiň hili göz, ys, taktil we tagam duýgulary, hatda ses bilen kesgitlenýär (mysal üçin, garpyzyň bişiş derejesi). Bu usul azyk önümleriniň we atyrlaryň hilini kesgitlemek üçin ulanylýar.
Organoleptiki usuly ulanýan hil gözegçileri birbada birnäçe düzüm böleklerine üns berýärler — önümiň ysyna, reňkine, konsistensiýasyna baha berýärler we önümiň tagamyny barlaýarlar. Käbir önümlere baha bermek üçin alnan netijeleri ulgamlaşdyrmak we toparlara bölmekde görkezijileriň her biri üçin ball ulgamy döredildi. Netijeler boýunça ballar jemlenip, hiliň ahyrky bahasy getirilip çykarylýar.
Hil bahalandyrmagyň laboratoriýa usuly ýörite enjamlaryň we reaktiwleriň bolmagyny talap edýär. Şeýle hem ony azyk önümleriniň, dermanlaryň we himiýa senagatynyň önümleriniň hiline baha bermek üçin ulanýarlar. Organoleptiki usuldan has uzak, ýöne örän takyk we obýektiw anyklaýyş usulydyr. Tejribehanalarda önümiň hilini barlamakda fiziki, himiki, fiziki-himiki, biohimiki we mikrobiologiki gözlegler geçirilýär.
Bilermenlik usulynda önümleriň hili barada belli bir ugurdan ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler — alymlar, tehnologlar, harytşynaslar ýaly hünärmenler topary tarapyndan karar kabul edilýär.
Ölçeg usuly tehniki ölçeg gurallaryna esaslanyp, önümiň hil görkezijilerine baha bermegi aňladýar. Tejribehanada geçirilýän barlag ýaly, ol hem wagty we ýörite enjamlary talap edýär, emma muňa garamazdan, bu usul iň obýektiw häsiýetdedigi bilen tapawutlanýar. Netije bolsa, adatça, belli bir ölçeg birliklerinde aňladylýar.
Hasaba alyş usuly bilen önümiň hili käbir wakalaryň we obýektleriň sanyny sanamak, ýa bolmasa-da syn etme arkaly anyklanylýar.
Sarp edijilerden önüm barada maglumat toplamaga we olary seljermäge sosiologiki usul diýilýär. Bu usul sarp edijilerden satyn alyş konferensiýalarynda, satuw sergilerinde, degustasiýalarda we şular ýaly beýleki çärelerde anketa doldurmagy haýyş etmek arkaly amala aşyrylýar.
Käwagt birnäçe usul utgaşykly ulanylýar, mysal üçin, organoleptiki we tejribehana usullary, tejribehana we ölçeg usullary, organoleptiki we sosiologiki usullar bilelikde ulanylyp, has anyk netijeler alynýar.
Tejribehana usuly aramlyk nusga, kadaly ölçeg esasynda ýerine ýetirilýär. Aramlyk nusga birbada birnäçe ýerden alnan az mukdardaky önümdir (partiýanyň ýokarsy, aşagy we ortasy). Adatça, aramlyk nusganyň hili baradaky maglumatlara esaslanyp, harytlaryň ähli toparynyň hili barada netije çykarylýar.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda önümleriň hil meselelerine uly üns berilýär. Kärhananyň bölümleriniň ýurduň energetika we gurluşyk pudaklaryna hyzmat edýändigi sebäpli, öndürilen önümleriň hil görkezijilerine — binalaryň berkligine we enjamlaryň hiline, işleýän işgärleriň howpsuzlygyna we senagat desgalarynyň üznüksiz iş alyp barmagyna örän köp zat baglydyr.
«Nebitmaş» kärhanasy gaz ýyladyjy ulgamlaryny, metal gaplary, liniýa-birikdiriji armatura önümlerini, elektrotehniki önümleri, elektrik geçiriji diňleri, transformator we yşyklandyryş stansiýalaryny, gözegçilik diňlerini, işçiler üçin wagon görnüşli jaýlary we senagat kärhanalary üçin iş eşiklerini öndürýär. «Nebitmaş» şeýle hem tokar-frezerlik hem-de demirçilik ýasama işlerini ýerine ýetirýär, howalandyrma ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary abatlaýar, bu babatda hyzmatlaryny ýetirýär.
Bu ýerde önümleriň hili, esasan, kärhananyň işgärleriniň hünär derejesi bilen kesgitlenýär. «Nebitmaş» öz işini ýeterlik derejede bilýän, ýokary hünär taýýarlygy bolan hünärmenleri işe alýar. Şeýle-de bolsa, adam faktory diýilýän täsiri aradan aýyrmak üçin kärhananyň önümleri hil gözegçiliginden geçirilýär, onda bilermenlik we ölçeg usullary ulanylýar. Önümler her bir senagat pudagy üçin kabul edilen hil standartlaryna laýyklykda bahalandyrylýar.
Peýdalanylan çeşmeler: qualicont.ru; znaytovar.ru
Şeýle-de okaň: