Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nusgawy tagamlar: dünýäde meşhur ýedi tort

0
22848

Konditer önümleriniň göwrümleriniň we tagamlarynyň köpdürlüligi yzygiderli özgerýän hem bolsa, käbir nusgawy reseptler onýyllyklaryň dowamynda meşhurlygyny saklaýar.

Wagtyň synagyndan geçen tortlar diňe bir tagamlary bilen kanagatlandyrman, eýsem çagalyk ýatlamalaryny ýa-da maşgala dabaralaryny hakydalara dolduryp, nostalgiýa duýgusyny oýarýar.

«Napoleon». Fransuz imperatorynyň adyny göterýän bu tort 1912-nji ýylda Moskwada peýda boldy. Konditer önümleri ony Napoleonyň goşunynyň üstünliginiň 100 ýyllygy mynasybetli döredip, oňa rowaýaty serkerdäniň meşhur üçburçluk şlýapasynyň görnüşini berdiler. Tortuň gelip çykyşy baradaky wakanyň romantiki görnüşi hem bar, ol dönükliginden soň, Napoleonyň Iosifini köşeşdirmek synanyşygy bilen baglanyşykly.

«Çizkeýk». Bu süýjülik miladydan öňki V asyrda oýlanyp tapyldy diýen garaýyş bar. Bir wersiýa görä, ony döreden Samos adasyndan bolan lukman Aedžimius hasaplanýar. Başga bir pikire görä bolsa, süýjülik haçly ýörişleriň kömegi bilen Ýakyn Gündogardan Ýewropa gelip ýetipdir. Çizkeýk Angliýada-da giňden belli bolupdyr. Russiýada Çizkeýke çalymdaş önüm ilkinji gezek XIII asyrda taýýarlanylypdyr diýilýär. Şol döwürde öý hojalykçy aýallar häzirki zaman süýjüliginiň ozalky görnüşi hasap edip boljak peýnir çöregini taýýarlapdyrlar.

«Gyzyl mahmal» — ilkinji gezek 1872-nji ýylyň nahar taýýarlanylyş kitabynda agzalýan reňkli amerikan torty. Süýjülik bu adyny ýumşak gurluşy sebäpli aldy. Onuň häsiýetli gyzyl reňki kakaony, sirkäni hem-de sarymsagy birleşdirmek arkaly gazanyldy.

«Guşuň süýdi» — bu diňe bir süýjülik hem däl-de, eýsem hakyky rowaýatdyr. Onuň taryhy 20-nji asyryň 30-njy ýyllaryna, şol at bilen süýjüleriň döredilip başlan wagtyndan gözbaş alýar.

Emma hakyky üstünlik «Guşuň süýdi» atly tortuň döredilmegi boldy. 1978-nji ýylda Moskwadaky «Praga» restoranynyň aşpezi Wladimir Guralnik süýjülerden ylham alyp, özboluşly torty döretdi.

Tortuň esasy bölegi hökmünde ýumurtganyň agy peýdalanyldy, želatin bolsa agar-agar bilen çalşyryldy. Netijede, garaşylýanyndan hem has gowy boldy: howaly, süýji we agzyňda eräp duran mylaýym tagamly tort dessine ähli ýaşdaky süýji halaýanlaryň agzyna hoş ýakdy.

«Doboş» — Wengriýanyň şokoladly we karamelli torty. 1885-nji ýylda milli sergi üçin konditer Ýožef Doboş tarapyndan döredildi. Tortuň aýratynlygy onuň uzak saklanyş möhleti bolup durýar. Tort näzik şokolad kremine batyrylan 6 sany ýuka biskwitden ybarat.

«Pawlowa» — näzik krem we täze miweler bilen örtülen agramsyz beze.

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary bu reseptiň 1926-njy ýylda ýurtlaryna syýahat eden meşhur balerina Anna Pawlowna üçin döredilendigini buýsanç bilen aýdýarlar.

Awstraliýalylar bolsa bu tortuň awtorlygyny 1935-nji ýylda tansçynyň doglan güni mynasybetli bu ajaýyp eseri döreden watandaşlarynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.

«Esterhazi» şokoladly-mindally torty. Şokoladdan ýasalan kerpiç görnüşindäki süýjüligiň tanymal bezegi ilkinji göreniňde özüne çekýär.

Esterhaziniň taryhy 1846-njy ýylda Wengriýada başlaýar. Graf Pal Antal Esterhaziniň aşpezi bu eseri onuň oglunyň doglan güni üçin döretdi. Myhmanlar süýjüligi şeýle bir gowy görüpdirler welin, soň ol diňe bir Wengriýada däl, eýsem Germaniýada we Awstriýada-da meşhurlyk gazanypdyr.

Bu nusgawy tortlaryň bütin dünýäde meşhurdygyna garamazdan, häzirki zaman konditer-aşpezleri dürli hili tagamlary synagdan geçirmegi we täze ajaýyp eserleri döretmegi dowam etdirýärler. Şeýle mysallaryň biri, adaty ussatlygy we desertleri döretmäge innowasion çemeleşmesi bolan «Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlarydyr.

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlarynyň aýratynlygy önümleriň düzüminde diňe peýdaly goşundylary ulanmak we bezeginde owadan böleklere hem üns bermekdir. Bu isle adaty «Napoleon» bolsun ýa-da başga tort bolsun, tapawudy ýokdur.

Özüňizi we ýakynlaryňyzy özboluşly bir zat bilen begendirmek isleýärsiňizmi? «Zyýat Hil»-e nazar aýlaň, ol ýerde size lezzetli süýjülikleriň giň haryt görnüşi garaşýar.

Habarlaşmak üçin:

• Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 hem-de (+993 62) 02 13 61;
• Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
• Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: pirogov.by

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar