Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany: fransuz aşhanasynyň «sahna arkasy»

0
31874

Fransiýa — bu diňe bir ýokary derejeli modanyň hem däl-de, eýsem ýokary derejeli aşhananyň hem watanydyr. Bu ýerde nahar bişirmek eýýäm sungat derejesine baryp ýetdi.

Ine, şu babatda hem, «Dejavu» restoranynyň hünärmenleri fransuz aşhanasynyň möhüm aýratynlyklary, syrlary barada pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Fransiýanyň her sebiti baý aşpezlik syrlaryna eýedir. Adatça, fransuz aşhanasyny üç hili aýratyn bölege bölmek bolar:

- sebitleriň aşhanasy (cuisine regionale) — her sebitiň özboluşly aşhanasy bolup, onuň syrlary nesilden-nesle geçirilip gelýär.

- umumy giň ýaýrawa eýe bolan fransuz aşhanasy (cuisine bourgeoise) — bu, öz gezeginde, şäher durmuşyna uýgunlaşdyrylan sebit aşhanasynyň has inçe çemeleşilýän görnüşidir.

- Has kämil aşhana (haute cuisine) — aşpezlik sungatynyň çürbaşy, korollaryň hem-de beg adamlaryň aşhanalarynda döredilen tagamlardan ybarat.

Fransiýanyň günorta sebitleriniň gastronomiki aýratynlyklarynda (Prowansa, Langedok, Basklaryň ýurdy we Gaskoni) tagamlaryň köplügi, çakyr we ýakymly ysly zatlar, esasanam, sarymsak we sogan bilen köp ulanylýar. Deňiz önümleri kenarýaka ýaşaýjylarynyň tagamnamasynda agdyklyk edýär: balyk, leňňeç, omarlar we krewetkalar.

Prowansal aşhanasyny pomidor, zeýtun ýagy, artişok we hoşboý ysly dag ösümlikleri ýaly önümler bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl.

Günorta-günbatar sebitiň fransuzlary bolsa guw we ördek bagry (foie gras), ak kömelekler hem-de trufel ýaly tagamlaryna buýsanýarlar. Bu entegem doly sanaw däldir.

Prowans otlary — Fransiýanyň günortasyndan ýaýran ysly goşundylar, bütin dünýäde gurmanlaryň ýüregini awlady diýsek ýalňyş bolmaz. Aşpeziň isleglerine we anyk reseptine baglylykda, bu garyndy üçin otlar toplumy dürli hili bolup biler. Emma onuň esasy düzüm bölekleri üýtgewsizligine galýar: rozmarin, çaber we maýoran. Olary bazilik, kerwel, şalfeý, oregano, timýan, fenhel tohumlary, lawr ýapraklary we hatda lawanda gülleri bilen dolduryp bilersiňiz.

Prowans otlarynyň guradylanda öz aýratynlyklaryny ajaýyp saklaýan bolsa, başga bir meşhur fransuz kompozisiýasy — «fin erb» ýa-da «inçe otlar» diňe täze, inçe kesilen mahaly tagamyny we ysyny saçyp bilýär. Kompozisiýanyň esasy: sogan, kerwel hem-de petruşka.

Meşhur «garni buketi» çorbasy barada hem bellemän geçmek bolmaz. Adatça, onuň düzümine petruşka, seldereý, estragon, bazilik, timýan, maýoran we lawr ýapragy girýär. «Garni buketi» marldan  haltajyga salynýar, sapakdan asylýar we taýýar bolmanka

5 minut öň gaýnadylan çorbanyň içine batyrylýar. Soňra ol çykarylyp, islege görä, gaýtadan ulanylýar (ýöne 3 gezekden köp bolmaly däldir).

Fransiýa baý peýnir önümçilik mirasyna buýsanmaga doly haklydyr. Olar jemi 500 töweregi görnüşden  ybarat bolup, hersiniňem özboluşly tagamy we ysy bardyr.

Fransiýanyň peýnir görnüşleri süýdüň üç hiline esaslanýar: sygyr, geçi we goýun süýdi. Peýnirler yslandyrylan ýa-da şeraba batyrylan görnüşde taýýarlanylyp bilner.

Fransiýada, kanunçylyga görä, çakyrlar dört hil kategoriýasyna bölünýär:

- Aşhana çakyry — Fransiýada öndürilen we guýlan islendik çüýşeli çakyr. Gelip çykan ýeri bellikde görkezilmeýär.

- Vins De Pays (VDP) — belli-belli sebitlerde öndürilýän, kaşaň aşhana çakyrlary.

- «Vins Delimites de Qualite Superieure» (VDQS) — berk hil standartlaryna laýyklykda öndürilen haryt nyşanly çakyrlardyr.

- Appellation d'Origine Controlee (AOC) — iň ýokary kategoriýa bolup, berk tehnologiýalary ulanmak arkaly, üzümiň käbir görnüşlerinden belli bir çäkde öndürilen elita çakyrlary.

Eger şerabyň adynda «Cru» sözi bar bolsa, ondaky üzümiň töwerekdäki ýerlerden has gowy hasaplanylýan ýerde ösdürilip ýetişdirilendigini aňladýar. Mundan başga-da, çakyrlar reňkleri bilen tapawutlandyrylýar — gyzyl, ak we gülgüne, öndürilýän sebitleri boýunça: Božole, Bordo, Burgundiýa, Luara ülkesi, Prowans hem-de Rona, Fransiýanyň Günorta-Günbatar sebiti. Çakyrlaryň berk hem-de açyk tagamly görnüşleri hem tapawurlandyrylýar.

«Dejavu» restoranynda fransuz aşhanasynyň dünýäsine çümüp, onuň syrlaryny we özüne çekijiligini açmak bilen, ahyrsoňunda bolsa oňa aşyk bolup bilersiňiz.

Hünäriniň ökde ussady bolan aşpez, fransuz aşhanasynyň däplerine uly hyjuw bilen çemeleşýär. Hakyky tagamy saklamak bilen, taýýarlaýan tagamlarynda diňe täze, möwsümleýin önümleri ulanýar.

«Dejavu» restoranynyň myhmanlary bu ýeriň tagamnamasyndan sogan çorbasyny, buýabes, nisuaz hem-de beýleki fransuz tagamlaryny dadyp bilerler.

«Dejavu» restorany:

möhüm wakalary bellemek ýa-da ýakynlaryň bilen agşamlyk edinmek;

romantik agşamlyk naharyny guramak;

datly fransuz aşhanasynyň tagamlaryndan lezzet almak üçin ajaýyp ýerdir.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: www.studyfrench.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar