Bu makalada «Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň hünärmenlerine alyjylar tarapyndan yzygiderli berilýän birnäçe sowallar jemlenildi.
Derman satyn alanyňda nämä üns bermeli?
Munda ilkinji nobatda, hökmany suratda dermanyň ýaramlylyk möhletini we gaplamanyň ýagdaýyny barlaň. Gaplama zeper ýeten bolmaly däldir hem-de dermanyň gözükdirmeleri hökman bolmalydyr.
Dermanlary name bilen atmaly?
Dermanlaryň köpüsini içmek üçin iň gowy saýlaw otag temperaturasyndaky arassa agyz suwudyr. Suwuň mukdary azyndan 100 ml bolmaly. Mylaýym suw dermanlaryň aşgazanda çalt we dogry eremegine kömek edýär.
Dermanlary näme bilen atmaly däl?
Süýt: bu diňe steroid däl çişmä garşy dermanlar üçin amatlydyr.
Mineral suw: munuň düzümindäki demir, kalsiý we beýleki maddalar dermanlaryň köp bölekleriniň siňmegini bökdäp biler.
Miwe şireleri: şireleriň ýokary turşulygy gormonal we ýürek-damar dermanlarynyň gana siňmeginiň öňüni alýar.
Çaý we kofe: çaýyň hem kofäniň düzümindäki taninler, kofeinler beýleki maddalar spazmolitikler, sowuklama garşy we oftalmologiki serişdeler bilen eräp bilmeýän birleşmeleri döreder.
Alkogol: Alkogolyň dermanlar bilen garylmagy howply bolup, zäherlenmä sebäp bolup biler.
Derman serişdeleriniň gözükdirmelerini okamak gerekmi?
Hawa, elbetde! Görkezmelerde dermany nädip dogry kabul etmelidigi, bolup biläýjek zyýanly täsirleri, beýleki dermanlar bilen täsiri hem-de garşy görkezmeler barada möhüm maglumatlar bardyr.
Bu dermany öň kabul eden bolsaňyzam, gözükdirmäni okamagy äsgermezlik etmäň. Görkezmelerdäki maglumatlar täzelenip bilner.
Jenerik, analog ýa-da original näme bolýar?
Original derman — ilkinji işlenip düzülen we bazara çykarylan dermandyr.
Jenerik bolsa asyl nusgasy bilen birmeňzeş, ýöne başga bir derman kärhanasy tarapyndan öndürilýän derman bolýar. Umuman alanyňda, olar original dermanlardan has arzandyr.
Analog hem original derman ýaly meňzeş bejeriş täsirine eýe bolsa-da, ýöne beýleki işjeň maddalary öz içine alyp bilýän dermandyr.
Dermanlar açylandan soň, nädip we näçe wagt saklap bolýar?
Dermanlary öndürijiniň görkezmesine laýyklykda saklaň. Käbir dermanlary sowadyjyda, käbirlerini bolsa otag temperaturasynda saklamaly.
Möhleti tamamlanandan soň, dermanlary ulanmaň. Şeýle hem olary çagalaryň ellejek ýerinden daşrakda goýuň.
«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda islendik ýagdaý üçin zerur bolan dermanlary dogry saýlap almaga kömek etjek, dürli soraglara jogap bermäge we ulanylyşy barada maslahat bermäge taýýar bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler işleýär.
Dermanhanada hödürlenen ähli dermanlaryň hil şahadatnamalary bar we olar halkara ülňülerine laýyk gelýär.
Müşderiler bu ýerden diňe bir dermanlary däl, eýsem kosmetika serişdelerini, geljekki eneler we bäbekler üçin gerek bolan önümleri, hassalar üçin ideg önümlerini hem tapyp bilerler.
«Dostlukly Zähmetden» öýüňizden çykman zerur bolan dermanlary satyn alyp bilersiňiz. Dermanhana Aşgabadyň ähli ýerine eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. Paýtagtyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylary üçin bolsa eltip bermek hyzmaty tölegsizdir!
Sargyt üçin nagt ýa-da bank karty arkaly töleg töläp bilersiňiz.
«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň ýerleşýän salgysy: Seýitnazar Seýdi, «Rysgally» binasy, 1-nji gat. Iş wagty: sagat 8:00-dan 23:00-a çenli (hepdäniň ähli günleri işleýär).
Telefon belgileri: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.