TSTB-niň habaryna görä, Hytaýyň Guanžou şäherindäki 25-nji Halkara PGIE&CIFA sergisiniň guramaçylary Türkmenistanyň hökümet, senagat we işewürlik toplumlaryna bu uly ölçegdäki söwda çäresine gatnaşmaga aýratyn çagyryş iberdiler.
2025-nji ýylyň 26-28-nji sentýabrynda geçiriljek PGIE&CIFA sergisi sertifikatlaşdyrylan oba hojalyk we iýmit önümlerini, şol sanda goragly geografik görkezijili önümleri görkezmek üçin meýdança bplar. Ol şeýle-de hytaý we halkara kompaniýalaryň arasyndaky maýa goýum geleşikleri we söwda baglanyşyklaryny berkitmek üçin platforma bolup durýar.
Guramaçylar türkmen döwlet edaralaryny, pudak assosiaýalaryny we degişli kärhanalaryny sergide millî wekiliýeti bilen gatnaşmaga çagyrdy. Bu türkmen işewürligine öz oba hojalyk we iýmit önümlerini öňe sürmäge, şeýle-de hytaý hyzmatdaşlary bilen täze hyzmatdaşlyk gurnamaga mümkinçilik berer.
Sergä gatnaşmaklyk bilen, Türkmenistanyň wekilleri PGIE&CIFA maksatnamasyna laýyklykda işewürler forumlaryna, geleşiklere we beýleki çärelere hem gatnaşyp bilerler. Guramaсylar türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagyny Türkmenistan bilen Hytaý arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösmegine ýardam berjekdigine ynanýarlar.