Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Magtymguly ensiklopediýasy» we «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi» taýýarlanylýar

15:2521.11.2024
0
1902
«Magtymguly ensiklopediýasy» we «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi» taýýarlanylýar
Surat: Ashgabat.in

Häzirki wagtda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan «Magtymguly ensiklopediýasy» we «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügi» taýýarlanylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Magtymgulynyň doglan senesiniň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly ensiklopediýasyny» we «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügini» taýýarlap, neşir etmek işi ýokary depginde dowam etdirilýär.

Şu ýylda institutda akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän 271 sany şygryny özünde jemleýän «Magtymguly. Saýlanan eserler» (Aşgabat, TDNG, 519 sah.) atly neşir üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi.

Şeýle-de Magtymgulynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň çeper dili we aýratynlyklary baradaky pikirleri ylmy taýdan seljerýän «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi», «Magtymgulynyň edebi garaýyşlary», «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary», «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi», «Magtymgulynyň döredijiligi — terbiýe mekdebi» we «XIV-XV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili» ýaly ençeme ylmy kitaplardyr monografiýalar, «Magtymguly — ylham çeşmesi», «Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işleri. III goýberiliş» atly makalalar ýygyndylary neşir edilip, halk köpçüligine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň