Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň günbatar welaýatynda zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

13:0421.11.2024
0
4111

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi miweli baglary ösdürmek bilen giňden meşgul bolýar. Bu ýerde zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda başarjaň, guramaçy telekeçiniň ajaýyp künjekdäki zeýtun agaçlarynyň sany hem 2100-e ýetýär. Bu ýerde 2016-njy ýylda oturdylan ýaş nahallaryň 500-e barabar düýbi bar. Zeýtunyň her düýbünden häzir ortaça 30-40 kilogram hasyl ýygnalýar. Ýyl geldigiçe hem hasyl ýokarlanyp, bir düýpden 80 kilogram hasyl alynýar.

Bagçylyk bölümlerinde 2019-njy ýylda ekilen 1600 düýp zeýtun agajy şu ýyl ilkinji gezek şirin miwelerini berýär. Möwsümiň ahyryna çenli-de bu ýerden 10 tonna zeýtun hasylyny ýygnamak maksat edinilýär.

Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bu baglar dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garanyňda, 40 — 45 gün öň hasyl berip başlaýar. Onuň ýaglylygy 10 — 15 göterim ýokarydyr.

Müň bir derdiň dermany bolan zeýtun ýagy derman, dokma, azyk, parfýumeriýa senagatynda hem-de ýokary hilli maldarçylyk, balyk önümlerini taýýarlamakda, şeýle-de sabyn, lak, reňk-boýag kärhanalarynda gymmatly çig mal hatarynda durýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň