Golland gämigurluşyk kompaniýasy Damen Shipyards we «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody 18-nji noýabrda deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada gepleşikler geçirdiler, bu barada nCa habar berýär. Duşuşyk Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenbaşy şäherindäki kärhanasyna sapary wagtynda geçirildi.
Gepleşiklere Türkmenistanyň deňiz we derýa ulag agentligi "Türkmendenizderyýollary"-nyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar gemigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, aýratyn-da, çuňluk gazyjy tehnikalaryň önümçiligi barada söhbetdeş boldular.
Saparyň çäginde golland delegasiýasy "Balkan" zawodynyň önümçilik kuwwatlary bilen tanyşdylar we iki sany täze ýük gämisiniň gurluşyk prosesini öwrendiler. Kärhananyň maglumatyna görä, Damen-iň zemsnarýadlary Türkmenistanda derýalarda arassalama işlerinde, port infrastrukturasyny gurmakda we mineral material çykarmakda giňden ulanylýar.
Damen Shipyards Group dünýäniň iň iri gämigurluşyk konglomeratlaryndan biri bolup, bäş kontinentde 35 gämi ýeri bilen we 100-den gowrak ýurtda hereket edýär. Kompaniýa Niderlandyň Gorinhem şäherinde ýerleşýän we häzirki wagta çenli maşgala kärhanasy bolmagyny saklaýar.