Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hiliň» konditeri wajyp sowallara jogap berdi

0
29045

Haçanda tort sargyt etjek mahalyňyz köp sanly sowallar ýüze çykýandyr: nähili huruşlysyny alsam gowy bolar, dizaýny nähilisini saýlamaly, bezegleri nämeden ýasaldyka, myhmanlaryň ählisine ýetermikä?..

Ine, şeýle ýagdaýda «Zyýat Hil» konditer önümleri dükanynyň tejribeli konditeri tort sargyt etmekde ýüz çykýan sowallara anyk we kanagatlandyrýan jogaplary berdi.

Myhmanlaryň sanyna görä torty nähiliräk ululykda göz öňüne tutmaly?

Ortaça hasap bilen, her uly adam üçin 150-200 gram, her çaga üçin bolsa 100-150 gram tort gerek bolar diýip hasaplamak ýerliklidir.

Tort sargyt etmezden ozal, myhmanlaryň ondan näçeräk iýjekdigini kesgitlemeli. Dostlaryňyzyň we maşgalaňyzyň süýjülikleri gowy görýändigini bilýän bolsaňyz, tortuň göwrümini ýa sanyny artdyryp bilersiňiz. Tortuň huruşyny we bezegini göz öňünde tutmagy ýatdan çykarmaň. Huruş we bezeg näçe agyr bolsa, tortuň agramy şonça-da köp bolar.

Bu maslahatlardan başga-da, şulary ýatda saklamaly:

- tortuň gatlagy näçe köp bolsa, onuň agramy şonça-da köp bolar.

- mastika şekilleri, ter ir-iýmişler, şokolad bezegleri — bularyň ählisi tortuň agramyny artdyrýar.

Tortuň mümkin boldugyça ýeňil bolmagyny isleseňiz, howaly huruş we adaty bezegli torty saýlap alyň.

Tortuň agramyny hasaplanyňyzda elmydama agram sanyny az-kem ýokarlandyrsaňyz kem bolmasa gerek. Şeýle edeniňizde, ähli myhmanlar üçin tortuň ýetjekdigine anyk göz ýetirersiňiz.

Tortlaryň saklanyş möhleti näçe wagt?

Tortuň ter saklanmagy diňe bir tagamyna däl, eýsem howpsuzlygyna-da täsir edýän möhüm şertdir.

Gaýmakly ýa-da sliwkaly tortlar üçin iň gysga saklanyş möhleti 16 sagat. 

Doragly, ýagly ýa-da gaýnadylan kremli tortlary 18 sagadyň dowamynda iýmelidir.

Ýogurtly we ýagly-syrly tortlary, şeýle hem sukatly hem-de makly süýjüleri 36 sagada çenli saklamak bolýar.

Kremsiz ir-iýmişli we miweli tortlar sowadyjyda 3 güne çenli saklanyp bilner.

Ösümlik esasly kremli tortlar 5 güne çenli durýar, ýöne olar belok kremli tortlardan tagamlary babatda pesdir.

Mastika tortuň ýaramlylyk möhletine nähili täsir edýär?

Mastikanyň özi düzüminde şekeriň köp bolmagy sebäpli konserwant bolup, 7 günden gowrak saklanyp bilner. Emma bu onuň astyndaky tortuň terligine saklanjakdygyny aňlatmaýar. Onuň saklanyş möhleti kremiň görnüşine we huruşa baglydyr.

«Zyýat Hil» konditer dükanlaryna baryp görüň! Bu ýerde size tebigy we ýokary hilli goşundylardan ýasalan konditer önümleriniň köp sanlysy garaşýar. Dükanlaryň haryt görnüşleriniň hatarynda — tortlar, konditer önümleri, kökeler we başga-da dürli hili süýjülikler bar.

«Zyýat Hil» islegleriňize görä tortlary we konditer önümlerini taýýarlap bermek üçin sargytlary kabul edýär.

150 manatdan ýokary möçberde söwda eden müşderilere satyn alan süýjülikleri mugt eltilip berilýär.

Mundan başga-da, Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän dükanynda aksiýa dowam edýär. Has takygy, doglan güni ýekşenbe gününe gabat gelýän müşderilere tortlar 50% arzan bahadan berilýär.

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlary hepdäniň ähli günleri (dynç günsüz) — her gün sagat 8:00-dan — 22:45 aralygynda açykdyr.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň salgylary:

• Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
• Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
• Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: salad-drive.by;tort-land.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar