Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilmegiň wagty geldi: çyndyr öýdülýän 10 sany mif

0
59435

Biziň köpimiz çigit appendisit keseline getirýär, gurbagany elleseň, eliňden siňňil çykýar diýen düşünjelere ynanyp ulaldyk. Emma bu sözleriň köpüsi aslynda hiç hili ylmy subutnamasy bolmadyk, adaty bir aýdylan miflerdir.

«Turkmenportal» web saýtynyň okyjylaryna şeýle iň ýörgünli mifleriň birnäçesi baradaky maglumatlary ýetirýäris.

«Käşir görüşi gowulandyrýar!» diýen düşünje kiçilikden hemmämiziň aňymyza ornan, ony indi çagalarymyza-da aýdýarys. Gök önüm, hakykatdan-da adam bedeninde, esasanam, gözleriň saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan A witamine öwrülýän beta-karotiniň çeşmesidir.

Şeýle-de bolsa, sizde görüşiň pesligi ozaldan bar bolsa, ony A witamin bilen bejerip bilmersiňiz. Munuň tersine, rasionyňda käşiriň köp mukdarda bolmagy zyýanly bolup, derä mämişi reňk berýär.

Ýene-de bir möhüm bellemeli zat, A witamini — ýag garyndyly bolup, ýagly iýmitler bilen kabul edilende bedende has gowy siňýär. Görnüşi ýaly, käşir iýmegiň göz üçin üýtgeşik bir peýdasy hem ýok. Bu meselede göze peýdaly witaminleri has köp derejede almak üçin gök önümleri ýagly zatlar bilen bile iýmeli. Mysal üçin, käşiri ösümlik ýagy ýa-da gaýmak bilen taýýarlanan salatlara goşmak has peýdaly bolup biler.

«Adam beýnisiniň diňe 10%-inden peýdalanýar» — bu nädogry! Bu pikir iň gadymy döwürlerden bäri gelýän we häli-häzirem ynanylýan mifleriň biridir.

Adam beýnisi — birnäçe bölümden ybarat hem-de takmynan 86 milliard neýrony özünde jemleýän çylşyrymly organ. Beýniniň bölekleri möhüm prosesleri üpjün etmekden başlap, şahsyýetiň we aňyň emele gelmegine çenli köp sanly funksiýalary ýerine ýetirip, öz aralarynda ýakyn aragatnaşykda bolýar.

Geçen asyryň ortalarynda käbir alymlar eger neýron impuls döredýän bolsa, onda işleýär, döretmeýän bolsa, onda ol hereketsizdir diýen pikiri öňe sürdüler. Alymlar 80 milliard sany neýronyň her biriniň işjeňligini barlamagyň aňsat iş däldigi üçin, olaryň diňe az bölegini öwrenmek kararyna geldiler. «Işleýän» neýronlaryň göterimini kesgitlemek bilen, alymlar bu göterimiň beýniniň ähli böleginde deňdigini çakladylar (bu çaklama «ekstrapolasiýa» diýilýär).

Beýniňizdäki ähli neýronlar bir wagtyň özünde işjeňleşýär diýip göz öňüne getirip görüň! Sensor neýronlary adamy mümkin bolan ähli duýgulary başdan geçirmäge mejbur eder — gallýusinasiýalar başlar, motor neýronlary başarýan ähli hereketlerimizi işe girizer. Duýmak, daş-töwerekdäki zatlar baradaky maglumatlary seljermek, üns, ýat we geplemek ýaly kognitiw ukyplaryň ählisi bir wagtda işjeňleşdirilse näme boljagyny göz öňüne getirmek kyndyr. Bu mysal getirilen ýagdaýlar beýniniň işlemeginde bulam-bujarlygyň döremegine sebäp bolar.

Aslynda, beýnimizdäki ähli neýronlaryň şol bir wagtyň özünde işjeňleşmeýändigi baradaky sowalyň jogaby örän ýönekeýdir. Häzirki wagtda neýronlar zerur däl bolsa, onda olar hereketsiz ýagdaýdadyr: dyman mahalymyz geplemegimize jogap berýän neýronlar «ýatyr», ýöremeýän mahalymyz ýöremek prosesine mümkinçilik berýän neýronlar işjeň däldir, gorkmaýan wagtymyz «gorky neýronlary» hereketsizdir we ş.m.

«Süýjini köp iýmek çagalary giperaktiw edýär». Ylmy gözlegler şu günki güne çenli köp mukdarda şeker kabul etmek bilen giperaktiwlik, biperwaýlyk ýa-da çagalardadyr ulularda özüňi alyp barmagyň beýleki ýagdaýlarynyň arasynda baglanyşygyň ýokdugyny görkezdi.

Diňe çagalar bilen bagly geçirilen barlaglar haýsydyr bir belli iýmitleri iýmegiň olaryň özüni alyp barşyna täsir etmeýändigini ýüze çykardy. Şeýle-de bolsa, çagalardan başga-da, olaryň ene-atalarynyň hem gatnaşan barlaglary, ulularyň ynançlarynyň we garaşýan zatlarynyň çagalaryň özüni alyp barşyna uly täsir edýändigini äşgär etdi.

«Çigit we şänikler köriçege keseline getirýär» — bu giňden ýaýran pikiri lukmanlar hem ret edýärler. www.rg.ru web saýty Izmirdäki (Türkiye) iki hassahananyň lukmanlarynyň gözlegleriniň netijelerini mysal getirýär. Onda köriçege keseli bolan iki müň hassanyň diňe sekizisiniň bu içegesinde eremedik iýmit we çigit galyndylary, şolaryň birinde bolsa miwe şänikleriniň bölejikleri bar.

«Kebşirleýiş işine seretseň, kör bolup bilersiň». Kebşirleýiş işi gidip duran mahaly oňa seredip durmak hakykatdanam zyýanly, şonuň üçin kebşirleýjiler onuň şöhlelerinden goranmak üçin aýnaly örtük başgabyny geýýärler. UF şöhleleri gözüň setçatkasynda mikro ýanygyň döremegine sebäp bolup biler. Ýöne şol bir wagtyň özünde, howpsuz aralykdan kebşirleýiş işine gysga wagtlyk seretmek adamy görmekden mahrum edip bilmez — bu has köp wagtlap seredilende zyýanlydyr.

«Saçlar we dyrnaklar adam aradan çykanyndan soň hem ösmegini dowam etdirýär» — bu örän ýalňyş düşünje. Bu aýdylýanynyň manysyzdygyna düşünmek üçin adam fiziologiýasy baradaky mekdep bilimleri hem ýeterlikdir. Bu baradaky düşünjämizi durlalyň!

Öýjükleriň bölünmegi üçin energiýa we ýokumly maddalar gerekdir. Gan zerur zatlaryň hemmesini üpjün edip, tutuş bedende aýlanyp durýar. Ýöne ýürek durup, gan ýygnananda öýjükler iýmitlenmekden we kisloroddan mahrum bolýar, bu bolsa öýjük bölünişiniň bes edilmegine getirýär.

«Ýatkeşligiň balygyňky ýaly.» Akwariumdaky balyklarynyň intellektine kembaha garamaň. Olar biziň pikir edişimizden akyllydyr.

Alymlar akwarium balyklarynyň görnüşlerinden biri bolan siklidler bilen bagly köp sanly ylmy barlaglary geçirdiler. Barlag mahalynda balyklar akwariumyň belli bir ýerinde iýmitlendirilip, gysga wagtyň içinde başga bir akwariuma göçürildi. Balyklaryň başga bir akwariumda geçirýän wagtyny hem kem-kemden artdyrdylar.

Netijede bolsa, alymlar balyklaryň iýmitlenen şol ýerleri baradaky ýatkeşliginiň 12 günläp saklanýandygyna göz ýetirdiler. 12 bolsa —  1036800 sekunt diýmekdir!

«Kelläňe zat geý, meningit bilen kesellärsiň». Meningit — bakterial, wirus ýa-da kömelek infeksiýasynyň netijesinde ösýän beýniniň we oňurga ýiliginiň çişmesidir. Infeksiýa howa-damjalaýyn ýol arkaly ýokuşýar. Meningokokk hiç hili kesel döretmezden, sagdyn adamyň burun boşlugynda hem bolup biler. Emma immunitetiň peselmegi bilen, ol meningokokk infeksiýasyna getirip biler.

Sowuk howada kelleýalaňaç gezmegiň gipotermiýa we immunitetiň peselmegine sebäp bolup bilýändigini hem ýatdan çykarmaly däldir.

«Syrylandan soň, saçlar güýçlenýär we galyňlaşýar». Saç follikullary saçyň ösmegine jogap bermek bilen, saç syrdyrylan mahaly olara täsir ýetmeýär. Saçyňyz syrylanda galňaýan ýaly duýulýan gysga möhletlik illýuziýa döräp biler, sebäbi gaýtadan ösýän saçlar birmeňzeş uzynlykda bolýar. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen olar aýry uzynlykda ösüp başlar, gaçyp ugrar hem-de olaryň gürelme täsiri bolmaz.

Saçyň gurluşyna we ösüşine genetika hem-de gormonlar täsir edýär.

«Gurbagany elleseň, eliňden siňňil çykar» — bu aslynda beýle däl. Siňňil — özboluşly bir wirus bolup, onuň ýerde-suwda ýaşaýan jandarlar bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol diňe adamdan adama geçýär, şonuň üçin gurbagalary daşky görnüşi üçin günäkärlemek ýalňyşdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: tochka-zrenia.ru; elementy.ru; tass.ru; rg.ru; marieclaire.ru; pravda-chto.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar