Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hemişe modada boljak güýz aýakgabynyň 4 görnüşi

0
84948

Köp zenanlar täze aýakgabyň adamda şatlykly duýgyny döretmek bilen, göwnüni göterip biljekdigi, käbir ýagdaýlarda hatda psihologyň berjek hyjuwlandyrmasynyň hem ýerini tutup biljekdigi bilen hökman ylalaşsalar gerek.

«Turkmenportal» web saýty «Röwşen» brendiniň hünärmenine ýene uzak ýyllaryň dowamynda moda münberinden düşmejek güýz aýakgaplary dogrusynda aýdyp bermek haýyşy bilen ýüz tutdy.

Gaýyjak-köwüşler — hakyky klassik aýakgaplar bolup, aýallaryň şkafynda hökmany suratda orun almalydyr. Olar ofise geýmekden başlap, agşam dabaralaryna geýmäge çenli islendik pursat üçin amatlydyr.

Inçe ökjeli we ýiti burçly aýakgaplar zenany has-da näzik we gelşikli görkezmek bilen, silueti uzaldýar we aýaklary uzyn görkezýär. Gara we adaty gaýyjak-köwüşler islendik keşp üçin laýyk gelýän köpugurly görnüşlerdendir. Eger daş keşbe has üns çekiji äheň beriljek bolsa, onda bu aýakgaplaryň açyk-aýdyň reňkleri örän göwnejaý görnüşde bolar.

Loferler — güýz üçin ajaýyp saýlawdyr. Olar rahatlygy, stili we köp taraplylygy birleşdirýärler. Loferler trençler, jins, köýnek (midi we maksi), deri balak, köýnekçe we ş.m bilen örän laýyk gelşer.

Sport aýakgaplary — stilleriniň we modelleriniň dürli-dürlüdigi sebäpli, bu aýakgaplaryň janköýerleri örän köpdür. Janköýerleriň arasynda dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlar bardyr.

Ine, sport aýakgaplarynyň iň soňky trendleri şulardan ybarat:

  • dad sneakers ýa-da dad shoes — gödek siluet, uly ökje we kümüş reňk;
  • ugly sneakers — bular göwrümli we kähalatda materiallary bilen geň galdyrýar;
  • ak sport aýakgaplary — bu klassika. Şeýle jübüt krossowkalary hemişelik geýersiňiz;
  • kolor-blok sport aýakgaplary — gapma-garşylykly reňk elementleriniň utgaşmasy.

Çelsi — bu aýakgaplar minimalistik äheňde bolup, gapdalynda elastik örtük bar. Çelsi size ajaýyp we gelşikli keşbi döretmäge ýardam eder.

«Röwşen» aýakgap brendi müşderilerine nämeleri hödürleýär?

«Röwşen» brendi Türkmenistanyň içerki bazarynda, şeýle hem daşary ýurtlarda köp ýyllar bäri tanalyp gelýär. «Röwşen» aýakgaplary we esbaplary ýokary hilli, ajaýyp dizaýnly we amatlydyr.

Hakyky tebigy deriden taýýarlanýan aýakgaplar çydamly, howa şertlerine durnukly bolýar. Geýmek üçin amatly bolmagy bolsa, dabana oňaýly ýagdaýy döredýän aşaky örtügi arkaly gazanylýar.

«Röwşen» aýakgap dükanlaryna näme sebäpden baryp görmeli?

  • dükanlarda dürli islege laýyk gelýän we amatly bahadan köp dürli aýakgaplar hödürlenýär;
  • ähli aýakgaplar ýokary hilli, hakyky deriden tikilýär;
  • bu aýakgaplar häzirki zaman dizaýnyna eýedir;
  • dükanda zerurlygyňa görä, ajaýyp aýakgaby tapmaga kömek etjek tejribeli satyjylar bar;
  • aýakgaby rahat şertlerde synap görmek arkaly olaryň özüňize laýyk gelýändigine göz ýetirip bilersiňiz.

«Röwşen aýakgaplary we esbaplary — hile, stile we amatlylyga ähmiýet berýänler üçin ajaýyp saýlawdyr» diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.

Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:

  • Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy). Telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19;
  • «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, dükan №6, telefon belgisi: (+993 65) 55 34 74;
  • Bamako köçesi, «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon belgisi: (+993 63) 65 16 85.

Türkmenistanyň welaýatlarynda ýerleşýän «Röwşen» dükanlarynyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 89 52 55;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Peýdalanylan çeşmeler: robb.report; marieclaire.ru; graziamagazine.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar