Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenlerden keramogranit barada birnäçe peýdaly maglumatlar

0
36816

Häzirki wagtda pol örtüginiň iň meşhur görnüşleriniň biri-de keramogranitdir. Ol özünde keramiki plitalaryň we granitiň iň gowy aýratynlyklaryny — gözelligini, reňkleriň we nagyşlaryň dürlüligini we tebigy daşyň berkligini birleşdirýär. Onuň fiziki täsire garşylygy — urgulara, sypçyryklara, himiki reagentlere adaty pol plitalaryndan has ýokarydyr, şonuň üçin keramograniti köp geçilýän we çygly ýerlerde: dükanlarda, edaralaryň zallarynda, aşhanada, howuzlarda, hammamlarda ulanýarlar.

«NG Kutahya» santehnika we pol örtükleriniň dükanynyň wekilleri ýokary çyglylygy bolan otaglaryň abatlaýyş işlerinde keramograniti saýlamak bilen bagly iň köp berilýän soraglara jogap berdiler.

Keramogranitiň nähili görnüşleri bolýar?

Keramogranit syrçaly, ýalpyldawuk we syrçasyz görnüşlerde bolýar. Syrçaly önümler üstüne bir gat nagyş ýa-da reňk örtülen şekilde bolup, şol bir materialda we reňkde bolsa-da, syrçasyz önümden has owadan bolýar. Ýalpyldawuk önüm bolsa aýna ýaly ýadyrawuk aýratynlygyna eýe. Syrçasyz keramogranit, öz gezeginde, şliflenen, şliflenmedik hem-de gurluşlaşdyrylan (tebigy deri, agaç, daş we ş.m. relýefine meňzeş) bölünýär. Syrçasyz önüm taýdyrmaýan örtükli bolany üçin, ony köplenç uly dükanlarda we edaralarda, giň eýwanlarda basgançaklarda peýdalanýarlar.

Keramogranit adaty kafel pol plitkasyndan näme babatda tapawutlanýar?

Birinjiden, ol kafelden has galyň we kuwwatly. Ikinjiden, keramogranitiň plitkasy tutuş galyňlygyna boýalandyr, keramiki plitkalaryň bolsa diňe ýüz tarapy boýalýar. Bir tapawutly ýeri, syrçaly keramiki plitalar hem reňklenen syrçaly keramik plitalar ýalydyr. Munuň netijesinde bolsa keramogranit agyr iş şertlerinde-de reňkini ýitirmeýär.

Keramogranitiň galyňlygy 30 mm çenli bolup biler, plitkalar bolsa bary-ýogy 8-10 mm galyňlykda bolýar. Keramogranitiň ölçegleri hem has uludyr — 60 sm x 60 sm. Keramogranit temperaturanyň üýtgemegine çydamly bolup, aýratyn-da pes temperaturalary kadaly saklaýar.

Keramogranit nähili agramdaky ýüki göterip biler?

Keramogranit 550 kg/m2 çenli statiki (kesgitlenen ýük) ýüklere çydap bilýär, bu kafel plitkalaryň göterip bilýäninden bir ýarym esse köp diýildigi.

Nädip keramograniti dogry saýlamaly?

Keramogranit pollary we diwarlary abatlamak üçin ulanylyp bilner. Olaryň birini beýlekisinden tapawutlandyrmak üçin ýörite bellikler ulanylýar:

- PEI I — diwar örtmek üçin keramogranit önümleri;

- PEI II — öňküden güýçli, pollar üçin ulanylyp bilner, ýöne hereket az bolan otaglar üçin laýykdyr (hammam ýa-da hajathana otaglarynda);

- PEI III — orta berklikdäki keramogranit önümleri;

- PEI IV — ýokary berklikdäki material bolup, ol köp gatnalýan ýerlerde (döwlet edaralary we ş.m.) ulanylyp bilner;

- PEI V — keramogranit önümleriniň iň çydamly görnüşidir, ol hatda awtoulagyň agramyna hem gysga wagtlyk çydap biler derejede berkdir. Uly dükanlar, howa menzilleri, demir ýol menzilleri we gaty köp gatnawly beýleki jaýlar üçin oňaýlydyr.

Keramogranit önümleriniň galyňlygy 7-30 millimetr aralygynda üýtgeýär; plitka näçe galyň bolsa, şonça-da berk bolýar. Pol örtügi üçin syrçasyz ýa-da gurluşly keramogranit plitalary ulanylyp, olar esasanam, ýokary çyglylygy bolan otaglar üçin has gowy bolar. Diwarlary bezemekde syrçaly ýa-da ýalpyldawuk keramogranitleri saýlamak bolar.

Pol örtügi üçin niýetlenen keramogranitleri diwarlary bezemek üçin ulanmak ýerliksiz bolar — olar galyňlygy we agyrlygy sebäpli gowy saklanmaz.

Uly otag üçin ölçegi uly plitalary, kiçi otag üçin bolsa kiçi plitalary saýlamak göwnejaý bolar. Otagyň aşhanasynyň, hammamynyň ýa-da hajathanasynyň poly üçin keramogranitden ýasalan gaplaryň galyňlygy 8-10 mm bolanda laýyk bolýar.

Keramogranitiň syrçasyz we gurluşly görnüşlerinden başga ähli görnüşiniň taýdyryp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

«NG Kutahya» («Kutahya Seramik» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy) santehnika we pol örtükleri dükanynda ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary we pollary üçin keramogranit örtükleriniň giň görnüşini hödürlenýär. Satyjylar bilen habarlaşyp, keramogranit önümleriniň belli bir görnüşiniň häsiýetleri, ulanyş aýratynlyklary we maksady bilen baglylykda giňişleýin maslahat alyp bilersiňiz.

Dükanyň assortimentinde syrçaly we ýalpyldawuk keramogranit, şeýle hem dürli reňklerdäki, nagyşly we nagyşsyz, şeýle hem tebigy mermerden ýa-da granitden ýasalan görnüşleri bar.

«NG Kutahya dükany» Aşgabadyň ähli ýerine mugt eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirmek bilen, harytlaryň welaýatlara eltilip berilmegi hem mümkindir.

«Kutahya Seramigiň» resmi distribýutorynyň dükany müşderilere şu görkezilen salgyda garaşýar: Ak Bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Peýdalanylan çeşmeler: www.ivd.ru; lagomera.by; rkeramika.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar