Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hakyky deriden tikilen aýakgaplar barada nämeleri bilmeli

0
66254

Aýakgap adamyň daş keşbinde esasy jemleýji, bitewi alamat, ýa-da merkezi gözellik elementi bolup hyzmat edýär. Saýlanyp alnan jübüt aýakgaplaryň görnüşine laýyklykda, şol bir keşp düýbünden başgaça daşky görnüşiň öwüşginini berip biler.

Aýakgap satyn alan mahalyň onuň hem owadan, hem amatly we çydamly bolmagyny isleýärsiň. Şunda esasy zat, iň hilli aýakgap üçin örän berk we ýokary hilli material hakyky tebigy deri hasap edilýär.

Deri aýakgaplar barada nämeleri bilmelidigi barada meşhur «Röwşen» haryt nyşanynyň wekili «Turkmenportal» web saýtynyň okyjylary üçin pikirlerini paýlaşdy.

Deri aýakgaplaryň beýleki materiallardan taýýarlanan aýakgaplardan birnäçe tapawutly artykmaçlygy bar:

- deri aýaga ýeňillik bilen uýgunlaşýar, deformasiýa bolmaýar we agyrlyga çydamly bolýar. Şonuň üçinem deri aýakgaplar beýleki materiallardan tikilen aýakgaplardan 3-4 esse uzak möhlete ulandyrýar;

- hakyky deri howpsuz, howply maddalary bölüp çykarmaýar, şeýle-de ol gün şöhlesine akmaýar;

- hakyky deriden taýýarlanan aýakgaplara ideg etmek aňsat bolýar. Dogry ulanmak aýakgabyň ulanyş möhletini uzaldýar, daşky görnüşini goraýar;

- hakyky deri islendik howa üçin oňaýly bolan ählumumy materialdyr. Ol yssydyr sowuk howa şertlerine çydamlydyr. Deri materialy «dem alýar», bu bolsa deriniň çyglylygy geçirmeýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa howany geçirýändigini aňladýar. Dogrusy, aslynda deri aýakgaby belli bir howa şertini nazara almak bilen saýlamak dogrudyr;

- deri aýakgaplary geýmek göwnejaýdyr, sebäbi ýumşak we elastik material aýagyň göwrümine uýgunlaşýar.

Deri aýakgaplary nädip dogry saýlamaly?

Derini kožzam bilen tapawutlandyrmagyň birnäçe usuly bar. Birinji usul — materialy dyrnagyň bilen basmak. Hakyky deride bu ýagdaýda galan yz wagtyň geçmegi bilen ýitýär, ýöne kožzamda bolsa ol dessine düzelýär. Ikinji usul — derini çygly mata bilen, soň yzyndan bolsa gury mata bilen süpürmek. Hakyky deri munda yz galdyrmaýar, ýöne pes hilli kožzamda bolsa boýagyň yzy galar.

Hilli aýakgaplaryň alamatlaryna çeýe ökjesiniň we ykjam tikinleriniň bolmagyny bellemek bolar.

Şeýle-de aýakgap saýlamakda onuň ysyna üns bermek möhümdir. Rastworiteliň ýa-da ýelimiň güýçli ysy aýakgaplaryň pes hilli materiallardan ýasalandygyny görkezýär. Tebigy materiallardan ýasalan önümlerde ýakymsyz ys ýa az-kem geler ýa-da düýbünden bolmaz.

Türkmenistanda deri aýakgaplary nireden satyn alsa bolar?

Ýokary hilli we moda kybap aýakgaplary «Röwşen» hususy kärhanasynyň ýurduň ähli künjeklerinde ýerleşýän dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz. Bu bir tarapdan hem amatly, şol bir wagtyň özünde hem ýokary hilli saýlaw bolar.

«Röwşen» brendiniň assortimentinde müşderilere şular garaşýar:

  • möwsüme we moda garamazdan, giňden isleg bildirilýän ählumumy we esasy aýakgap modelleri;
  • trend aýakgap modelleri — soňky moda tendensiýalaryna laýyk gelýän aýakgaplar;
  • möwsümleýin aýakgaplar.

«Röwşen» HK-nyň aýakgaplarynyň diňe ýokary hilli, hakyky tebigy deriden taýýarlanýandygyny we ýokary ulanyş aýratynlyklary, amatly we çydamly dabanlyk gurluşy bilen tapawutlanýandygyny ýatladýarys.

Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:

  • «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat, №6 dükan, telefon belgisi: (+993 65) 55 34 74;
  • Bamako köçesi, «Sumbar» bazary, «Datly Ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon belgisi: (+993 63) 65 16 85;
  • Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy («Gadamly» binasy). Telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

«Röwşen» kärhanasynyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ýerleşýän «Röwşen» dükanlarynyň belgileri:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Peýdalanylan çeşmeler: graziamagazine.ru; stepter.com.ua; www.liniamody.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar