Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wanna üçin rakowinany nädip saýlamaly: hünärmenleriň maslahaty

0
20526

Rakowina — bu diňe bir santehnika enjamyny satyn almak däl. Bu gündelik arassaçylyk endikleri üçin oňaýly ýer döretmekdir.

Maksadyňa görä iň laýyk boljak rakowinany saýlap almak almak hem şol sebäpden zerur zatlaryň biridir. Aşgabatda ýerleşýän «EuroHome TM» dükanynyň hünärmenleri size bu meselede dogry rakowinany saýlamaga ýardam etjek maslahatlary berýärler. Munda, ilki bilen bäş sany esasy aýratynlyga üns bermelidir:

Göwrüm: tegelek, aýlaw şekilli, inedördül, gönüburçluk-nusgawy şekilde. Burçda goýulýan we asimmetrik nusgalar kadaly bolmadyk, käbir döwrebap çözgütler üçin laýykdyr.

Material: faýans, farfor, emeli daş, aýna, metal. Bularyň hersiniň öz peýdasy we zyýany bar. Iň gowusy aýratynlyklaryny öwreniň we degişli warianty saýlaň.

Ölçegleri: Wannanyň meýdanyna üns beriň. Uly bolmadyk rakowina — ergonomiki çözgüt, uly görnüşi bolsa maşgala üçin ulanmaga göwnejaýdyr.

Tehniki aýratynlyklary: suw joşmazlygy üçin suwuň goýberilişi, berkitmeleriň görnüşi, kran üçin gurnama bölekleri. Satyn almazdan ozal ähli düzüm böleklerini barlaň!

Dizaýn: minimalizmden art-deko çenli. Rakowina wannanyň stiliniň üstüni sazlaşykly ýetirmelidir.

Rakowinalary gurnamagyň usullary

1. Asma (diwar) gurnama. Rakowina ýörite kronşteýnler ýa-da konsollar bilen dik diwara berkidilýär.

Peýdaly taraplary: goşmaça mebel talap etmeýär, aşagyndaky poly arassalamak aňsat.
Ýetmezçilikleri: berkitmekde güýç talap edýär, rakowinanyň aşagyndaky boş ýeriň netijesiz ulanylmagy, asma we gurnama bölekleri görünmeli däldir.

2. Goýulýan rakowina ýörite tumbada ýa-da stolda oturdylýar.

Peýdaly tarapy: rakowinanyň aşagyndaky ýerden netijeli peýdalanmak, berk diwar talap etmeýär, sanitar-tehniki enjamlary we beýleki zatlary gizleýär.
Ýetmezçilikli taraplary: Arassalananda aýaklaryndan seresap bolmaly, bahasy beýlekilere garanyňda has gymmat bolup biler.

3. Gurnalýan rakowinalary birnäçe usulda gurnap bolýar: stolunyň berkitmesiniň aşagynda, stol bilen deň ýa-da stoluň diregi bilen bilelikde.

Peýdaly taraplary: ulanmaga amatly we oňaýly.
Ýetmezçilikli taraplary: Agaç stollar üçin bolmaýar.

4. Ýarym çukurly rakowinalar — oturdylýan we gurnalýan nusgalaryň aralygyndaky iň amatly wariantdyr. Olar diňe bir interýeri bezemek bilen çäklenmän, eýsem onuň dizaýny otagyň içine has köp giňişlik berýär, rakowinanyň öň tarapy stoluň çäginden çykýan görnüşde bolýar.

5. Çigildem rakowina. Dar, ýöne onuň göwrümli çarçuwasy diňe bir göze görnüp duran turbalary we birikdirmeleri gizlemän, eýsem rakowina giňişlik we ýeňillik hem berýär.

6. Polda gurnalýan rakowinalar — bu özünde estetikany we häzirki zaman stilini jemleýän santehnika enjamlaryna täzeçil garaýyş. Adaty diwar gurnamalaryndan ýüz öwrüp, özboluşly interýeri döretmäge mümkinçilik berýär, ýerde gurnalýan bu rakowina tutuş wanna otagy üçin özboluşly stili döredýän sungat obýekti mysalydyr.

Rakowinany nädip saýlamaly?

Wanna otagy üçin rakowina saýlanyňyzda diňe dizaýna däl, eýsem ölçeglerine hem üns bermek möhümdir. Otagyň meýdanyny, ulanyjylaryň sanyny we şahsy islegleriňizi göz öňünde tutuň.

Iň amatly giňligi:

• 50-60 sm: amatly ulanmak we gurnamak üçin köptaraplaýyn wariantdyr.
• 40-50 sm: ykjam model bolup, ýöne munda suwuň daşyp ýere dökülmek howpy bardyr.
• 60+ sm: giň meýdanly wannalar üçin maslahat berilýär.

Boşlugynyň çuňlugy:

• 15-20 sm: standart we amaly wariant.
• 20 sm-den gowrak: uly zatlary ýuwmak üçin amatly.

Tekiz modeller:

• üýtgeşik dizaýn: çuňlugy 5 sm çenli.
• amatlylygy pes: suw ýere dökülip biler.
• yzygiderli arassalamagy talap edýär.

Rakowinany göwrümine görä saýlamak

Rakowinanyň görnüşi — bu diňe bir estetika däl, eýsem rahatlygyň we ulanmagyň açarydyr. 

Burç üçin rakowina ulanylmaýan burçy gymmatly inedördül metrleri tygşytlap, köptaraply peýdaly ýere öwrer.

Tegelek ýa-da ýumurtga görnüşli rakowina. Bu şekilli rakowinalar hem kän ýer tutmaz.

Kwadrat ýa-da gönüburçly görnüş. Maşgalaňyzda köp adam bar bolsa ýa-da wannaňyz giň bolsa, bu rakowina saýlap almak üçin ideal görnüşdir.

Adaty däl şekiller we dizaýnlar assimetrik rakowinalary tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ol wanna otagynyň hakyky bezegine öwrülip biler.

«EuroHome TM» dükany Ýewropanyň iň meşhur brendleriniň ajaýyp we köpugurly rakowinalar dünýäsine ýol görkeziji diýsek ýalňyşmarys. Bu ýerde hödürlenýän önümleriň hili olaryň atlaryny okanyňda-da öz-özünden düşnüklidir:

• «Villeroy & Boch» (Ceramic Plus ýörite keramiki örtükli);
• «Duravit» (Wonder Gliss örtükli);
• «Laufen» (Saphir Keramik ýörite örtükli);
• «Roca» (Maxi Clean ýörite örtükli);
• «Abacus»;
• «Gustavsberg».

Ýokarda agzalan ýörite örtükler keramikanyň ýüzi üçin hapalanmaga garşy örtüklerdir. Olar millionlarça sarp edijiler üçin wanna otaglaryny arassalamagy we oňa ideg etmegi aňsatlaşdyrýar.

Ýerüsti arassalaýyş innowasion tehnologiýasynyň kömegi bilen onda suw damja görnüşinde ýygnanýar. Bu damjalar önümleriň tekiz ýerinden zeýkeş çukuryna akyp, hapany, bakteriýalary we nagary hem aýyrýar. Netijede: hapalanma az bolýar, wagty tygşytlaýar, ýuwujy serişdeleriň tygşytlanmagy we daşky gurşawa zyýansyz täsir üpjün edilýär.

Näme üçin «EuroHome TM» dükanyny saýlamaly?

Bu ýerde önümleriň köpdürlüligi ummasyzdyr

- saýlamak üçin önüm görnüşleri juda kän: nusgawydan häzirki zaman modellerine, ykjam çözgütlerden giň wariantlara çenli bar.
- materiallaryň giň toplumy: keramika, faýans...
- önümleriň dürli formadakysyny tapyp bolýar: tegelek, aýlaw şekilli, inedördül, burçly, assimetrik — bular islendik dizaýn ideýalaryny öz içine alýar.

Önümleriň hili ýokary

- Ýewropa ülňülerine kybap gelýän önümler: dükanda diňe meşhur öndürijileriň santehnika enjamlary bar.
- durnukly, berk materiallar: «EuroHome TM» dükanynyň rakowinalary diňe bir owadan bolman, hem uzak ulandyrýar, sypçyryklara we beýleki ýagdaýlara çydamly we olaryu arassalamak aňsatdyr.
- köp ýyllyk tejribe: santehnika enjamlarynyň dünýäsinde köp ýyllardan bäri alyjylaryň uly söýgüsine mynasyp bolan brendlere ynam bildiriň.

Hünär taýdan goldaw

- «EuroHome TM» dükanynyň maslahatçylary: bular wanna otagyňyzyň zerurlyklaryna we aýratynlyklaryna laýyk gelýän rakowinany saýlap almaga ýardam etjek tejribeli hünärmenlerdir.
- özbaşdak çemeleşme: «EuroHome TM» dükany alyjylaryň isleglerini 100% kanagatlandyrjak çözgüt tapmak üçin jaýyň zerurlyklaryny, abatlaýyşyň çykdajysyny hem-de ýeriň meýdanyny göz öňünde tutýar.

«EuroHome TM» dükanynyň haryt görnüşleri bilen tanyşmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 64-nji jaý, «Türkmen deri» binasy, 2-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 61) 99 71 74, (+993 65) 81 70 99;
  • elektron poçta salgysy: eurohometm@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.


Peýdalanylan çeşmeler: www.vd-san.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar