Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rimiň «Bulgari» Öýüniň ýokary derejeli zergärçilik sungaty

0
29719

Aşgabatdaky «Gold Palace» dükany müşderilerine zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserleriniň, şolaryň hatarynda hem Rimiň «Bulgari» şaý-sep önümleriniň we sagatlar Öýüniň dünýäsini açýar.

Şu tomusda «Bulgari» Öýi Eden: The Garden of Wonders kolleksiýasyny («Edem: Täsinlikler bagy») hödürlemek bilen, köpçüligi nobatdaky gezek aýdyň, reňkdar hem-de köpöwüşginli önümleri bilen haýrana goýdy. The Garden of Wonders kolleksiýasynyň tanyşdyryşy Parižde geçirilip, oňa zergärçilik önümleriniň hakyky muşdaklary gatnaşdy.

Bu kolleksiýa ýüzüklerden we bileziklerden başlap, ajaýyp uly göwrümli monjuklara we sagatlara çenli 140-dan gowrak gymmatlyklary özünde jemledi.

Olaryň stilistikasy bolsa gül keşplerinden, ajaýyp şekillerden hem-de jadyly "jenneti" güllerden ybarat boldy.

«Bulgari» Öýüniň 30-dan gowrak eserinde ähli döwürleriň iň söýgüli, köşk daşlaryndan biri bolan asylly zümerret bardyr. Şeýlelik bilen, zümerretiň şöhraty Emerald Glory-da beýanyny tapýar.

Brilliant bezeginde (onuň umumy agramy 220 karatdan geçýär) 11 sany armyt şekilli Kolumbiýa zümerretleri ulanylýar. Bu şaý-sepi çoker, monjuk ýa-da diadema hökmünde dakynyp bolýar. Ony ýasamaga bolsa zergärler 3 müň sagatdan gowrak wagt sarp etdiler.

«Bulgariniň» bu ýaşyl nyşany zergärçilik önümlerini öndürijilere iki gadymy sungat şäherleri — Rim bilen Parižiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy ýüze çykarmaga ýardam etdi. Tribute to Paris bezeginiň merkezinde ýeliseý meýdanlaryndaky güller we agaçlar mysaly 35.53 karatlyk ýumurtga şekilli Kolumbiýa zümerredi öwüşgin berýär, onuň töwereginde bolsa Eýfel diňiniň siluetini ýada salýan brilliantlar we zümerretler ýaldyraýar. Gymmat bahaly daşlary Kan film festiwalynda Julian Muruň kompaniýasynda görkezildi.

Beýleki bir zümerretli şaý-sep bolsa — Emerald Venus. Onuň asimmetrik çyzgylary Ortaýer deňziniň Capelvenere paporotniginiň äheňinde. Ol bolsa italýan dilinden terjime edilende «Wenera saçy» diýmegi aňladýar.

Brilliant we zümerret monjuklary bilen bezelen bölekler 20 karatlyk sekizburç kesilen Kolumbiýa zümerrediniň merkezi «gül» monjugyň düzüminde ýerleşýär. Bu şaý-sep brillianty we zümerreti dürli görnüşli başga bir şaý — High Jewellery sagady bilen jübütleşýär. Esasy daşyň reňki, ak altyn aýlawyny örtýän ýalpyldawuk ýaşyl turmalin bilen ösdürilýär. Munda esasy daşy ak altyndan bolan siferblaty ýapýan narpyz reňkli ýaşyl turmalin has güýçlendirýär.

Bu kolleksiýa şeýle-de Şa zenany Ýelizawetanyň häkimýetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen «Emerald Garden» hem girizildi. Gymmat bahaly eseriň merkezinde 63,44 karatlyk zümerret ýerleşýär. Ol öz gezeginde islendik hazyna ýaly özboluşly syrlydyr: Onuň görünmeýän mehanizmi bezegligi birbada monjuga öwrüp bilýär. Bu zergärçilik bezeginiň nagyşlary orta asyrlardaky hindi sungatyny dowam etdirýär.

Reňkdar öwüşginlere uly ähmiýet berýän, bezeglerinde täsin sazlaşygy döretmäge ukyply bolan «Bulgari» Öýi reňk babatda tejribeleriniň çemeleşmerini täzeçil usullar bilen meýilleşdirýär hem-de daşlaryň mäkäm baglanyşygyny hem döredýär. Flowers of Eden şaýy hem edil şu hili aýratynlyga eýedir. Ondaky bezegler özbaşyna täsirli hem-de owadandyr. Ol zergärler tarapyndan elde, gadymy tehnikalar we usullar esasynda ýasalandyr.

 

Eden: The Garden of Wonders kolleksiýasynda Rim zergärçilik öýi tarapyndan döredilen iň bir gymmat bahaly şaý-sep bolan Mediterranean Reverie monjugy hem tanyş edildi. Hut şu ajaýyp sapfir kuşonly bezeglik Kanda gyzyl halyda Enn Heteweýiň boýnuny bezedi.

«Bulgariniň» zergär ussalary önümçilikde başga hili materiallary hem peýdalanýarlar. Serpenti Spinel Embrace monjugy Täjigistanyň takmynan 25,70 karatlyk gözýaş şekilli gülgüne şpineli bilen örtülendir, ýylanyň özi bolsa gülgüne altyndan we göwherden ýasalandyr. Beýleki bir bezegde — Serpenti Ocean Treasure monjugynda iki platina aspidi birleşýär we Şri-Lankanyň 61,30 karatlyk gök sapfiri ýylanyň agzynda şöhle saçýar. Naomi Kempbell Kannyň keşbi üçin bu sapfir eserini saýlady.

Bu tomusda «Bulgari» Öýi täze kolleksiýasyndan başga-da tematik reklama guramasy bolan «Garaşylmadyk täsinlikler» (Unexpected Wonders) tarapyndan ýatlanyldy. Bu bir tarapdan gündelik durmuşyň ajaýyp pursatlaryny duýmaga çagyrsa, beýleki bir tarapdan Eden The Garden of Wonders-iň adyny şöhratlandyrýar.

Täze reklamasynda Rimiň zergärçilik Öýi özüniň medeni gymmatlyga öwrülen eserlerini tanyş edýär. Bu tanyşdyryş özüniň jadyly sungat eserleri bilen haýran galdyrmagyny dowam edýän Rim şäherinde surata düşürildi.

«Bulgari» zergärçilik bezegliklerini we sagatlaryny köpçülige mahabatlandyrmagy owadan zenanlara, aýratyn-da zergärçilik Öýi bilen ozaldan aragatnaşykda bolan amerikan aktrisasy Zendaýa, BLACKPINK toparynyň aýdymçysy Lalisa, hytaý artist zenany Şu Siýe, şeýle-de «Oskar» baýragynyň eýesi bolan Enn Heteweýe we onuň kärdeşi Priýanka Çopra Jonasa ynanýar.

Rim zergärçilik öýüniň gymmatbaha şaýlary bilen bezenen Lalisa hem-de Enn Heteweý Paolo Sorrentinonyň režissýorlyk eden filminde esasy rollary ýerine ýetirdiler.

Şu hili dünýä meşhur şaý-sep bezeg önümlerini özünde jemleýän «Gold Palace» dükany Aşgabat şäheriniň 1972-nji köçesiniň 80-nji jaýynda — «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýändigini ýatladýarys.

Sosial media ulgamyndaky hasaby: Gold Palace.
Peýdalanylan çeşmeler: theartnewspaper.ru; titanium.lv; afisha.uz.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar