Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Öý güllerini ýetişdirmekde ulanylýan peýdasyz usullar

0
51591

Öý güllerini we howly ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegem özbaşyna sungat diýen ýalydyr. Olary tiz ösdürmek, tohumlaryň gysga wagtda boý almagyny hem-de hasyl bermegini gazanmak üçin dürli hili ýeser çemeleşmeler bar.

Adamlaryň köpüsi öý ösümliklerine we güllerine ideg etmekde, aýratynam olary gysga döwrüň içinde ýetişdirmek babatda ygtybarlylygy doly barlanylmadyk, peýdasyz hem-de dürli hili ters täsirlere sezewar edip biljek laýfhak usullary peýdalanýarlar.

Bu hili usuly ulanýanlaryň aglabasy wagty ýitirmezden gülleriň ýa-da ösümlikleriň daş keşbini gözelleşdirmekde tiz netije gazanmagy ilkinji orunda goýýarlar.

Dökün deregine kofe galyndysyny ulanmak — bu usul hiç hili peýdaly däldir, ol diňe patogen mikroblarynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Zaýalanan miweleri ýa-da gök önümleri döküniň ýerine goýmak — bu ösümlik üçin has zyýanly täsiri döredip, «kömelejikleriň», infeksiýalaryň ösmegine oňyn şert bolup durýar;

Ösümligi Gün şöhlesiniň aşagynda goýmak — Gün şöhlesini göni düşmegi ösümligiň guramagyna ýa-da onda ýanyklaryň döremegine getirip biler, onsoňam, Gün şöhlesiniň düşüp durmagy ähli güllere ýaramaýar;

Gyrymsy agaç ösümlikleriniň we ösümlikleriň ýokary gatynyň guramagy bilen suwarylmagy — bu köplenç gabat gelýän we howly ösümliklerinde ulanylýan usul. Munda küýzäniň içinde suw galyp, ol bolsa köklere zyýanyny ýetirip biler.

Çukura ýumurtganyň goşulmagy — ösümligi kalsiý bilen üpjün eder diýen maksat bilen ulanylýan bu usulda ösümlik diňe ýakymsyz ys saçar durar. Onuň esasynda bolsa kalsiý döremeýär.

Kül dökmek — kül ösümlik üçin zyýansyz we tebigy önüm diýen düşünje bar. Ýöne oňa kül goşulan ýagdaýda toprak has alkalik häsiýetli bolar we ösümligiň ösüşine zyýan edip biler;

Sirke we magniý sulfaty goşulan gap-gaç ýuwujy serişde bilen haşal otlara gözegçilik etmek — bu howpsuz gerbisid hasap edilýär. Bu diňe ösümlikleriň gorag gatlagyny zaýalamak bilen, kömek berýän mikroorganizmleri ýok eder;

Gortenziýanyň reňkini üýtgetmek üçin çüý ulanmak — bu hiç hili logika, hakykata laýyk däldir. Topragyna çüýi gömeniň bilen gortenziýa ilkibada gök reňke boýalarmyka? Elbetde ýok, internet sahypalarynda okalan her bir zada ynanyp ýörmeli däl. Toprakda demiriň köp mukdarda bolmagy iş ýüzünde gowy netijäni bermeýär, gortenziýanyň reňkini üýtgetmek üçin fosfordan, kaliýden we azotdan taýýarlanan ergini ulanmak has laýykdyr ýa-da kislotlylygyny pH 6.5 derejesine ýetirip, margansowka ergini bilen suwarmak ýerliklidir.

Bu hili ýalňyş ýagdaýlardan gutulmak we biderek, peýdasyz laýfhaklary ulanmagyň ýerine ösümlikleri ýetişdirmegiň tebigy hem-de täsirli ýollaryny Aşgabat şäherindäki «Roza Gül» dükanlar torunyň hünärmenleri has gowy salgy bererler.

Aşgabat şäheriniň Azady köçesiniň 85-nji jaýynda ýerleşýän «Roza Gül» dükanyndan öýde ýa-da howluda ösdürip ýetişdirmek üçin güldür ösümlikleri satyn alan mahalyňyz bu ýerde Türkmenistanyň iň tejribeli florist hünärmenlerinden gülleri ýetişdirmek we olara dogry ideg etmek barada örän peýdaly maslahatlary alarsyňyz.

Ýeri gelende bellesek, gülleriň idegi barada maslahat soramak hem-de dükandan gülleri satyn almakda eltip bermek hyzmaty ýurduň ähli künjegine ýerine ýetirilýändir.

Habarlaşmak üçin:

  • Azady köçesiniň 83-nji jaýy. Telefon belgileri: (+993 12) 92 47 82, (+993 63) 01 01 06;
  • Magtymguly şaýolunyň 185-nji jaýy. Telefon belgisi: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köçesi, «Syýahat» myhmanhanasy. Telefon belgileri: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köçesi, 85-nji jaý. Telefon belgisi: (+993 12) 93 27 42, (otag we howly ösümlikleri).

Peýdalanylan çeşmeler: zen.yandex.ru; musthaveforyou.mediasole.ru; cpykami.ru; freepik.com.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar