Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haly satyn almazdan ozal nämeleri bilmeli

0
10295

Otagyňyzyň içi birahat, gutarnyksyz ýa boş görnüşe eýemi? Şular ýaly ýagdaýlarda otaga haly bilen rahatlyk, gözellik hem kaşaňlyk berip bilersiňiz. «Arzuw haly» dükanynyň hünärmenleri haly satyn almazdan ozal nämä üns bermelidigi hakynda gürrüň berýärler. 

  1. Halynyň ýazyljak ýerine

Halynyň haýsy otaga ýazyljakdygyna üns bermek hökmanydyr. Şonuň bilen baglylykda, onuň ölçegini, bezegini we görnüşini saýlap bolar. Meselem: uzyn süýümli halylar çaga üçin niýetlenen we ýatylýan otaglara laýykdyr. Girim-çykymyň has köp bolan ýerlerine ýazmak üçin ýylmanak süýümli halylar saýlanyp alynmalydyr.

  1. Ölçegine

Otagy haly önümleri bilen dolulygyna ýylatmak isleýäňizmi ýa-da olary diňe otagyň belli bir bölegine üns çekmek üçin  peýdalanýaňyzmy? Birinji ýagdaýda halylaryň göwrümine üns bermek zerurdyr. Olaryň kömegi bilen uly bir otagy hem iki bölege bölüp bolar. Şonda kiçi ölçegli  halyçalar ýumşak mebelleriň öňüne ýa-da žurnal stollarynyň aşagyna ýazylsa, has maksada laýyk bolar.  

  1. Düzümine 

Haly satyn alnanda, diňe onuň daşky görnüşine däl, eýsem düzümine hem üns bermelidir. Ol halynyň berkligini kesgitleýän ilkinji görkezijidir. Iň oňat görnüş tebigy hem sintetik materiallar garyşdyrylyp dokalan halylardyr. Eger-de esasy maksadyňyz otagy bezemekden ybarat bolsa, onda tebigy halylary saýlaň. Çünki olar näzikligine garamazdan, kaşaň hem janly görnüşi döredýärler.

  1. Daşky gurluşyna
  • Gönüburç görnüşli halylar indi nusgawy häsiýete eýedirler. Şonuň üçin-de olar islendik otaga gelşik berýär. 
  • Uly bolmadyk tegelek görnüşli halylar bezeg üçin has maksada laýykdyr.
  • Kesgitli görnüşe eýe bolmadyk halylary otagyň belli bir bölegine ünsi çekmek üçin ulanmak ýerliklidir.
  1. Reňkine

Reňkine görä haly saýlanyňyzda, şulary ýatdan çykarmaň:

  • Haly we beýleki düşelýän önümler otaga şähdaçyk görnüş bermelidir.
  • Öý goşlarynyň has dykyn görünmezligi üçin, iri nagyşly halylary tutularyň we beýleki goşlaryň açyk reňkli otaglarynda ýerleşdirmeli.
  • Açyk hem goýy reňkleriň sazlaşygyny özünde jemleýän halylary ýagtylygyňdyr Gün şöhlesiniň düşmeýän otaglaryna ýazmak maksadalaýykdyr. 

«Arzuw haly» dükany Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň iň öňdebaryjy haly kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýerdäki harytlaryň görnüşi yzygiderli täzelenip, iň döwrebap halylar bilen üsti ýetirilýär. 

«Arzuw haly» dükanynyň harytlary bilen onuň sosial ulgamy arkaly tanşyp bilersiňiz. 

Çeşme: komiinform.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar