Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Russiýada çagalara dakylýan iň meşhur atlar Sofiýa we Mihail boldy, bu barada «rbc.ru» habar berdi.
Ýagny 2025-nji ýylyň başyndan bäri Sofiýa diýen at gyzjagazlaryň 8 müň 58 sanysyna dakyldy, ikinji orunda Ýewa (6960 çaga) we üçünji orunda Anna (6615) ýerleşdi.
Bu döwürde iň meşhur erkek atlary Mihail boldy, ony 9316 çaga dakdylar. Ikinji orunda Aleksandr (8245), üçünji orunda Artýom (7397) ýerleşdi.
Habarda şeýle hem Moskwada täze dünýä inen bäbeklere dakylýan seýrek atlar agzalýar. Olardan gyzjagazlara iň köp dakylýanlary Dalina, Ruhiýabonu, Marselina, Jaliýa we Mohruhsor.
Oglanjyklar üçin iň köp dakylýan seýrek atlar Hemra, Çagyl-Sulus, Mark-Gabriýel, Bussi Emris we Daniel-Mark. Näçe çaganyň bu atlaryň eýesi bolandygy habar berilmeýär.