Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy.
Bu çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar Aşgabada geldiler. Bu barada TDH habar berdi.
Mukamlar köşgüne medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar.
Dabaranyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Döwlet hory tarapyndan ýerine ýetirilen «Türkmenistan» atly aýdym ýaňlandy. Soňra konsert ýurduň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarynda, kompozisiýalarynda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Konsertde dürli opera aýdymlary, şol sanda dünýäniň dürli opera mekdepleriniň aýdymçylyk däpleriniň seýrek görnüşleri ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar Özbegistanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň artistleriniň ýerine ýetiren «Nowruz alawlary», «Unabi», «Marali», «Şuşiki» saz eserlerini, “Saňa garaşaryn” ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. “Aleko” operasyndan “Zemfiranyň ariýasy” atly ariýa, şeýle hem kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Haýrana galar” atly aýdym konsertiň özboluşly bezegine öwrüldi.
Özbek artistleriniň “Maýsaranyň hokgalary” operasyndan ýerine ýetiren “Çubonaliniň aýdymy”, azerbaýjan artistleriniň “Arşin mal alan” operettasyndan “Gülçohranyň aýdymy” hem täsirli boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndan gelen aýdymçynyň Aşgabada bagyşlanan “Meniň Aşgabadym” atly aýdymy tomaşaçylarda aýratyn ýakymly duýgulary döretdi.
Konsert «Türkmen sährasy» atly aýdym bilen jemlendi. Tomaşaçylar bu aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli sergi ýaýbaňlandyryldy.
Festiwal ýurduň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala konserti bilen tamamlanar.