Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýakynlaşyp gelýän baýramçylyk - Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Galkynan göwünler» atly täze sazly komediýany taýýarlady.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, spektakly teatryň baş režissýory Guwanç Baýmedow tarapyndan goýuldy.
Spektakl Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň eseriniň esasynda goýuldy we söýgi hem wepalylyk ýaly ebedi temalara ýüzlenýär.
Spektaklyň sýužetinde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ägirt uly gurluşyk işleri beýan edilýär. Spektaklyň baş gahrymany – şäheri we uzak obalary abadanlaşdyrmak barada pikirlenip ýören we gurluşyk işine täze girişýän binagär. Onuň işleýän ulgamyna sanlylaşdyrma we häzirki zaman durmuş şertleri aralaşýar.
Sazly komediýa Aşgabada bagyşlanan aýdymlar bilen baýlaşdyrylyp, olar spektakla aýratyn öwüşgin çaýýar.
Spektaklda Türkmenistanyň at gazanan artistleri P. Hojanepesow we A. Toýlyýewa, şeýle hem D. Bekdurdyýew, M. Gulowa, B. Hallyýew, L. Gafurowa, N. Hydyrowa, M. Nazarowa dagy çykyş edýärler.
«Galkynan göwünler» spektaklynyň premýerasy Aşgabat şäheriniň güni we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ajaýyp sowgat bolar – diýlip, neşirde bellenýär.