Türkmenistanly ýaş şahyrlar Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçiriljek halkara festiwala gatnaşarlar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministrligi habar berdi.
TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda meşhur gyrgyz şahyry Žolon Mamytowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu halkara döredijilik festiwaly «Ýaşyl älem» diýlip atlandyrylar. 28 — 30-njy maý aralygynda geçiriljek festiwala Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan ýaş şahyrlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, Žolon Mamytow XX asyr gyrgyz edebiýatynyň iň görnükli şahyrlarynyň biridir. Ol 1940-njy ýylyň 1-nji aprelinde Gyrgyz Respublikasynyň Oş welaýatynda dünýä inýär. Onlarça kitabyň awtory bolan meşhur şahyr 1988-nji ýylyň 7-nji martynda aradan çykýar.