Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti boldy

23:3218.05.2025
0
15975

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, üsti açyk sahna meýdançasynda guralan şowhunly baýramçylyk dabarasyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Konsert edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra ol meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlary bilen dowam etdi.

Bu ýerde «Parla, ýaşyl baýdagym!» we «Ýaşyl tugumyz hem Baş Kanunymyz» atly aýdymlar-da ýerine ýetirildi.

Konsert maksatnamasy beýik özgertmeler eýýamyny wasp edýän «Parahatlyk, ynanyşmak şuglasy, baky belentdedir tugy, tugrasy» atly aýdym bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň