Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly sazandalar Duşenbede GDA-nyň birleşen orkestriniň düzüminde çykyş etdiler

09:1516.05.2025
0
14845

14-nji maýda Duşenbede Sadriddin Aýni adyndaky Döwlet akademiki opera we balet teatrynyň sahnasynda GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bolup geçdi, onuň düzümine Türkmenistandan hem ýaş sazandalar goşuldy.

Orkestre Russiýanyň halk artisti, «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» baýragynyň laureaty Sergeý Skripka ýolbaşçylyk edýär. Onuň bilen bilelikde Duşenbede geçirilen konserte Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjow we Žukowskiýniň simfoniki orkestriniň dirižýory Konstantin Naumenko dirižýorçylyk etdiler. Täjigistandan dirižýorlar bolup Daler Tilloýew we Alişer Oliýew dagy çykyş etdiler.

Konsertiň maksatnamasyna Russiýanyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur nusgawy saz eserleri girizildi.

Duşenbedäki konsert Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII Forumynyň çäklerinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň