Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara sungat festiwallary geçiriler

10:5818.05.2025
0
24118

17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän festiwallar barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19 – 21-nji maýy aralygynda milli gymmatlyklary giňden wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak maksady bilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal, şeýle hem 29 – 31-nji maý aralygynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwal geçiriler. Festiwallaryň çäklerinde konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek, şeýle hem myhmanlaryň Aşgabadyň medeni ojaklaryna we beýleki gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly halkara derejedäki çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýere «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň