Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

18:0415.05.2025
0
13698

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Grigoriý Mirshulawanyň bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Tbilisidäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli depginde ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitjek özara Medeniýet günleriniň ornuna aýratyn üns çekildi.

Ilçi gruzin tarapyna 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň meýilleşdirilýändigi barada maglumat berdi. Bu şanly senelere bagyşlanyp, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň hem-de Gruziýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, ylym we döredijilik ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, türkmen diplomaty 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany goldandyklary we onuň awtordaşy bolup çykyş edendikleri üçin gruzin tarapyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

G.Mirshulawa iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýokary depginini bellemek bilen, Gruziýanyň geljekde hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň