Türkmenistanly türgen Anamjan Rustamowa Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kiçi bürünç medalyň eýesi boldy.
87 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan Anamjan Rustamowa itekläp götermekde 138 kilogram netije bilen güýçli üçlükden orun aldy hem-de ýaryşyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 104 kilogram agyrlygy göterdi. Şeýlelikde, türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 242 kilogram görkeziji bilen dördünji orny eýeledi. Bu agramda güýçli üçlükden hytaýly türgenler Dongping Tian (jemi 259 kg), Ýujia Jiang (253 kg) hem-de Hytaý Taýbeýine wekilçilik eden Ýuan-Ýing Lo (246 kg) orun aldylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Aziýa çempionatynda türkmenistanly Dawranbek Hasanbaýewiň üstünlikli çykyş edendigini habar beripdik.
Umuman alnanda, yklym birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysy 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç medal bilen toparlaýyn hasapda 9-njy orny eýeledi.