Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinden emin Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky oýna bellenildi

17:0716.05.2025
0
14970

Arkadag şäherinden bolan B.Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda Aşgabadyň «Altyn Asyr» topary bilen Änewiň «Ahal» toparynyň arasynda geçiriljek duşuşyga bellenildi, bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) saýtynda habar berilýär.

Atdyýewe kömekçi eminler hökmünde I.Kurambaýew (Daşoguz), M.Şanazarow (Mary) çykyş ederler. Ätiýaçlyk emini A.Begnarazow (Mary), duşuşygyň gözegçi emini – Azat Hajypolatow (Balkanabat) bolar.

«Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk 18-nji maýda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda geçiriler we ýerli wagt bilen 17:45-de başlar.

Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyryna beýleki bellenen eminler:

17-nji maý, şenbe

«Aşgabat» – «Köpetdag» – 17:30, «Nusaý» stadiony, emini – E.Annamyradow

«Şagadam» – «Arkadag» – 17:00, «Şagadam» stadiony, emini – S.Gurbanow

«Merw» – «Nebitçi» – 18:00, «Merw» stadiony, emini – Resul Mämmedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň