Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler Daşkentdäki halkara ýaryşa gatnaşýarlar

12:1719.05.2025
0
9547
Türkmenistanly türgenler Daşkentdäki halkara ýaryşa gatnaşýarlar
Surat: Uza.uz

Türkmenistanly türgenler ýaýdan ok atmak boýunça Özbegistanda geçirilýän halkara turnire gatnaşýarlar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

Habarda bellenilişine görä, «Alpomiş we Barçinoý» atly halkara turnire Türkmenistan bilen bir hatarda Gruziýa, Türkiýe, Hindistan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Gazagystan we Russiýa ýaly ýurtlardan jemi 100-den gowrak türgen gatnaşýar. Olar ýaýdan ok atmagyň birnäçe görnüşi boýunça medallar üçin göreşýärler.

Daşkent şäherinde geçirilýän bu halkara ýaryş şu gün tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň